Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşikleri, okuwlary hem-de durmuşy bilen içgin gyzyklandy. Bu barada TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň her bir agzasy bilen söhbetdeş bolup, olara Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda şowly çykyş etmekleri üçin öz ak patasyny berdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ähmiýeti hem-de ýurduň ýaşlar syýasaty barada aýdyp, ýaş nesiller üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine ünsi çekdi. Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň öňde duran halkara ýaryşlarda türkmen tuguny belentde parlatjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ýaşlaryň Watanyň abraýyny goramaklary, ony jandan eziz görmekleri barada maslahatlaryny berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çärelerde toparyň täze, çylşyrymly oýunlary bilen dünýäni haýrana goýmaklaryny ýene bir gezek arzuw etdi.
Toparyň agzalary döredilýän giň mümkinçilikler we çuňňur alada üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirip, özlerine bildirilýän ynamy abraý bilen ödäp, täze ýeňişleri gazanjakdyklaryna ynandyrdy.