Toyota taryhynda iň gymmat Corolla-ny tanyşdyrdy

31.07.2026, 15:398,515
1 / 2

Toyota kompaniýasy GR Corolla hetçbeginiň doly işlenen GRMN sport görnüşini hödürledi. Onuň tiražy bütin dünýä boýunça bary-ýogy 730 nusgadan ybarat bolar.

Modeliň satuwy ýylyň ikinji ýarymynda başlanýar. ABŞ-da awtomobiliň bahasy azyndan $64,4 müň bolar, bu bolsa adaty Corolla bilen deňeşdirilende 50%-den hem has gymmatdyr. Carscoops neşiriniň bellemegine görä, Corolla GRMN bu modeliň tutuş 60 ýyllyk taryhynda iň gymmat wersiýasy boldy. Şol bir wagtyň özünde täze ulag öz watanynda tas $30 müň arzan durýan GR Corolla modelinden köp babatda göçürilendir. GRMN üçin şeýle ýokary goşmaça töleg, ähtimal, onuň eksklýuziwligi bilen baglanyşykly bolsa gerek.

Täze ulagyň 1,6 litrlik üç silindrli hereketlendirijisiniň kuwwaty 305 at güýji derejesinde saklandy, ýöne aýlanma pursaty 410 Nm çenli artdyryldy (adaty GR Corolla-dan 10 Nm köp). Motor alty basgançakly mehaniki transmissiýa bilen işleýär.

Inženerler doly ýöredijili ulgamyň sazlamalaryny kämilleşdirdi we ýaryş ýolundaky sürüş üçin interkulere sowadyjy suwuklygy pürkmek ulgamyny gurnady.

Awtomobiliň umumy agramyny yzky oturgyç hataryndan ýüz öwürmek we karbon elementlerini ulanmak arkaly, takmynan, 30 kg azaltmak başartdy.

Süýme disklere Michelin Pilot Sport Cup 2 tekerleri «geýdirildi», agressiw karbon aerodinamiki elementler bolsa Gazoo Racing sport bölümçesiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlandy.

Satyn alyjylara saýlamak üçin kuzowyň diňe iki sany eksklýuziw reňki hödürlener:

  • Zero Gravity — ak reňkiň aýratyn çylşyrymly öwüşgini.
  • Gravel — brendiň özüne mahsus bolan goýy çal öwüşgini.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.