Stellantis kompaniýasy ABŞ-da yzy görkezýän kameranyň displeýindäki näsazlyk zerarly, takmynan, 850 000 ulagy yzyna çagyrýar. Meselä programma üpjünçiliginiň ýalňyşlygy sebäp bolýar.
Ýene 107 000 ulag Kanadada, Meksikada we beýleki ýurtlarda yzyna ýygnalýar.
Kompaniýa kemçilik bilen baglanyşykly hiç hili heläkçilik ýa-da şikeslenme barada habar berilmändigine üns çekdi.
Näsazlyk şu modellerde ýüze çykaryldy:
Chrysler miniwenleri (2026–2027-nji model ýyllary)
- Pacifica
- Pacifica Plug-in Hybrid (gibrid)
- Voyager
Dodge ýeňil awtoulaglary (2026–2027)
- Charger
Jeep ýolsuzlyk ulaglary we pikaplary (2026-njy ýyl)
- Cherokee
- Compass
- Gladiator
- Grand Cherokee
- Grand Cherokee L
- Grand Wagoneer
- Grand Wagoneer L
- Wrangler
Ram pikaplary we furgonlary (2026-njy ýyl)
- Ram 1500 pikaby
- Ram 2500 pikaby
- ProMaster furgony
- ProMaster EV elektrofurgony
Bu modelleriň eýelerine programma üpjünçiliginiň täzelenmesi ugradylar. Näsazlyk düzedilýänçä, Stellantis sürüjilere yzy görkezýän kameranyň displeýi işlemedik ýagdaýynda, yza basanda daşky aýnany ulanmagy we töweregine ünsli bolmagy maslahat berdi.