Aston Martin 150 nusgada superkar çykardy. Bahasyny diňe aljaklara aýdarlar

Düýn, 17:072,440
1 / 12

Britan awtokompaniýasy Aston Martin çäklendirilen mukdarda täze «Valen» kupesini resmi taýdan tanyşdyrdy.

Bu modeliň 850 at güýjüni berýän V12 motory öň tarapynda ýerleşdirilipdir. Henize çenli şeýle gurluşda öndürilýän köpçülikleýin ulaglaryň hiç biri bu derejedäki kuwwatlylyga eýe bolmandy.

Superkar bary-ýogy 150 nusgada çykarylar, onuň bahasy bolsa diňe çyny bilen gyzyklanýan müşderilere mälim ediler.

Täze ulagyň kapotynyň astynda 1000 Nm aýlaw pursatyna eýe bolan 5,2 litrlik iki turbo güýçlendirijili hereketlendiriji otyr. Motor ZF tarapyndan öndürilen 8 basgançakly awtomatik geçiriji gutusy bilen bilelikde işleýär, onuň programma üpjünçiligi «Vantage GT4» ýaryş modeliniň binýadynda döredilipdir. Munuň netijesinde ulagyň tizlik çalyşmasy has tiz amala aşyrylýar, ol 0-dan 60 mil/sagada (97 km/sag) çenli 3 sekuntda çykýar, iň ýokary tizligi bolsa sagatda 344 kilometre ýetýär.

Ulagyň hereketini dolandyrmak üçin ýörite «Sport», «Sport+» we «Track» režimleri göz öňünde tutulypdyr.

Superkaryň daşky görnüşi uglerod süýümli agras aerodinamiki goşundylar hem-de berkidilen uly yzky spoýler bilen tapawutlanýar. Ilkinji nusgasy kompaniýanyň ýörite «Satin Andromeda Red» reňkinde ýerine ýetirildi.

Kupeniň salony ýumşak anilin derisi we alkantara bilen bezelipdir. Şol bir wagtda, howa çalşygy ulgamynyň deflektorlary hem 3D-printerde çap edilipdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.