Toyota-nyň satuwlary soňky iki ýylda ilkinji gezek azaldy

01.08.2026, 10:154,468

Ýapon awtokonserni Toyota Motor 2026-njy ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça lomaý satuwlaryň we önümçiligiň görkezijileriniň peselendigini belläp geçdi. Bu peseliş soňky iki ýylyň içinde ilkinji gezek bolýan ýagdaýdyr diýip, Reuters habar berýär.

Peselmä Hytaýda brendiň awtomobillerine bolan islegiň 17,1% azalmagy we meşhur «RAW4» krossowerli tapgyryň täzelenmegi sebäpli önümçiligiň wagtlaýyn haýallamagy sebäp boldy diýlip çaklanylýar.

Kompaniýanyň lomaý satuwlary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,9% azaldy we 5 milliondan sähelçe gowrak awtomobile deň boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.