Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

01.08.2026, 00:496,855

31-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Yssyk-köl halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň Başlygy Adylbek Kasymaliýew mähirli garşylady. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň hormatyna Gyrgyzystanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra döwlet Baştutanyny Çolpon-Atadaky Kongresler merkezinde Prezident Sadyr Žaparow garşylady. Surata düşmek dabarasyndan soň bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda resmi däl konsultatiw duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparowa bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi we gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi geçen ýyl Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Azerbaýjanyň bu formata gatnaşmagy baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi bilen ýene bir gezek gutlady.

Döwlet Baştutany 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda konsultatiw duşuşygyň geçiriljekdigini we Türkmenistanyň eýýäm duşuşygyň gün tertibiniň taslamasyny gatnaşyjy döwletlere iberendigini mälim etdi. Gün tertibinde halkara parahatçylyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, daşky gurşawy goramak we ylym-bilim gatnaşyklary ýaly bäş sany esasy ugur göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizminiň halklary has-da ýakynlaşdyrmaga we bilelikdäki mümkinçilikleri ulanmaga giň ýol açýandygyny nygtady.

Çykyşlardan soň döwlet Baştutanlary sebitde durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmäge hem-de dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýan Çolpon-Ata Jarnamasyna gol çekdi.

Duşuşykdan soňra döwlet Baştutanlary Kara-Oý obasynda «Baku» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, täze binada döredilen şertler bilen tanyşdy.

Saparyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine dolandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.