Mercedes-Benz kompaniýasy ABŞ-nyň çäginde 310 667 ulagy öz içine aljak giň gerimli yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada Reuters agentligi ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli müdirligine (NHTSA) salgylanyp habar berýär.
Mesele sürüjiniň gapysynyň gulpunyň mikrogeçirijide galyp, poslap bilmegi bilen bagly. Bu ýagdaýda ulgam gapynyň açykdygyny görmeýär, bu bolsa elektron togtaýyş tormozynyň (ruçnik) ýa-da «Awtomatiki duralga» funksiýasynyň awtomatiki işledilmegine böwet bolýar. Şu sebäpli hereketsiz duran maşyn özbaşdak yzlygyna tigirlenip biler.
Hyzmat ediş çäresi 2019-njy ýyldan 2024-nji ýyl aralygynda öndürilen A-klas, C-klas, CLA, CLE, GLA/GLB we GLC modellerine degişlidir.
Markanyň resmi dilerleri ähli meseleli ulaglarda sürüji gapysynyň gulpuny mugt çalşyp berer. Eýelerine duýduryş hatlaryny 18-nji sentýabrda ibermek meýilleşdirilýär.
Belläp geçsek, aprel aýynda Mercedes-Benz öňki tigirleriň hereketlendirijisindäki kardan walynyň göni hereket wagtynda gopup galmak howpy sebäpli E- we S-klas sedanlaryny hem yzyna çagyrypdy.