Polşaly suwda ýüzüji Baltika deňziniň üsti bilen 160 km aralygy ýüzüp geçdi

04.08.2026, 07:595,642
1 / 5

Aşa uzak aralyklara ýüzýän polşaly türgen Bartlomeý Kubkowski ilkinji gezek Baltika deňzini üstünlikli ýüzüp geçdi. Ol, takmynan, 160 kilometr aralygy 55 sagadyň içinde geçmegi başardy.

Bu synanyşyk türgen üçin bäşinji synanyşyk boldy, ýöne oňa diňe şu gezek ýüzüşi üstünlikli tamamlamak başartdy.

Kubkowski 31-nji iýulda Şwesiýanyň kenaryndan ýola düşdi we 2-nji awgust agşamy Polşanyň Dziwnuw şäheriniň kenarynda pellehana geldi. Bütin ýüzüşiň dowamynda ol öz ýany bilen ýüzen gaýyga el degirmedi, ýatmady we hiç hili säginmedi. Türgen iýmitini hem ýany bilen barýan gämiden ýörite turbajyk arkaly aldy.

Bu ýüzüş «Ultra Baltic Swim» taslamasynyň çäginde geçirildi we «Cancer Fighters» gaznasynyň hemaýatyndaky adamlara bagyşlandy. Aksiýanyň dowamynda bu gazna üçin serişde toplanyldy.

Öň Baltika deňzini has gysga ugur boýunça beýleki bir polşaly türgen — Sebastýan Karas ýüzüp geçipdi. 2017-nji ýylda ol Polşanyň Kolobžeg şäheri bilen Daniýanyň Bornholm adasynyň arasyndaky 100 kilometrlik aralygy 28,5 sagatda geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.