3-nji awgustda Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Italiýa Respublikasynyň Pakistandaky täze bellenen ilçisi Ugo Çarlatanini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmen diplomaty italiýaly kärdeşini täze wezipesi bilen gutlap, diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda ilçiler türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.
Gepleşikleriň dowamynda Yslamabatdaky diplomatik korpusyň işi, wekilhanalaryň özara hyzmatdaşlygy we Pakistanyň döwlet edaralary hem-de işewür toparlary bilen gatnaşyklar baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli dialogy dowam etdirmäge we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny beýan etdi.