Täze Zelandiýanyň paýtagty Wellingtonda soňky 15 ýylyň içinde ilkinji gezek deňiz derejesine çenli gar ýagdy. Antarktika polýar siklony ýurda duýdansyz sowuk getirdi, şol sebäpli birnäçe sebitlerde ýollar ýapyldy, awtobus gatnawlary ýatyryldy we mekdepleriň işi çäklendirildi.
Gar 4-nji awgustda irden ýagyp başlady. Ygal diňe bir Wellingtony däl, eýsem Günorta adanyň ululygy boýunça ikinji şäheri bolan Danidini hem gurşap aldy. Doňaklyk sebäpli polisiýa ýerli ilaty zerurlyk bolmasa gelim-gidimlerden saklanmaga çagyrdy.
«Şu gün irden polisiýa bölümine Danidinde ýol-ulag hadysalary barada birnäçe habar gelip gowuşdy, käbir awtoulaglar ýoldan çykypdyr. Hernä hiç kim şikes almady» – diýip, Täze Zelandiýanyň polisiýasy sosial torlarda habar berdi.
Güýçli şemal we uly tolkunlar sebäpli häkimiýetler Günorta we Demirgazyk adalaryň arasyndaky parom gatnawyny hem wagtlaýyn togtatdy.

Paýtagt üçin geň bolan howa dessine sosial torlarda esasy temalaryň birine öwrüldi. Ýaşaýjylar garly köçeleriň suratlary we özleriniň duýgularyny paýlaşýarlar.
«Wellingtonda gar?! Haýran galaýmaly! Ine, şeýdip günüň düýbünden tersine öwrülip bilýär» – diýip, ulanyjylaryň biri ýazýar.
Garyň ýagmagy sportuň gyşky görnüşleriniň muşdaklaryny hem begendirdi. Danidinde lyžaçylar we snoubordçylar göni şäher köçelerinde typyp ýörler, olaryň biri hatda dünýäde iň eňaşak köçe hasap edilýän Boldwin-strit boýunça typyp düşdi. Gar Kraýstçörçdäki Nýu-Braýton kenaryna hem ýagdy.
