Zibil ulagynda €1 mln: Italiýada utuşly bileti birgiden zyňyndynyň içinden gözlemeli boldular

07.08.2026, 05:367,976
1 / 2

Italiýanyň Bitonto şäherinde täsin waka bolup geçdi. Kommunal gulluklary ençeme tonna zyňyndylaryň arasyndan tas iki günläp 1 mln ýewro utuşly lotereýa biletini gözledi. Biletiň eýesi utan däldirin öýdüp, ony ýalňyşlyk bilen zibile taşlan eken. Bu barada ANSA agentligi habar berýär.

Utuşly bilet MillionDay lotereýasynda çykýar. Ýeňiş gazanan adam (onuň kimligi aýdylanok) birnäçe ýyl bäri mydama şol bir sanlara bil baglaýar — 2, 4, 8, 10 we 51. Onuň aýtmagyna görä, bu sanlar oňa ýakyn bir adam bilen baglanyşykly eken.

Oýun tamamlanandan soň biletiň eýesi ony barlamak üçin dükana barýar. Terminal «bu ýerde utuşy tölemek mümkin däl» (non-payable) diýip ýazgy görkezýär, sebäbi söwda nokatlaryndan onuň ýaly uly mukdarda pul çykmaýar.

Biletiň eýesi bolsa utuş ýokdur öýdüp, ony dükanda taşlap gaýdýar. Satyjy bolsa kagyzy beýleki zibiller bilen bilelikde zyňýar.

Öýe baranynda biletiň eýesine garyndaşlarynyň biri san utgaşmalarynyň ýeňişli çykandygyny buşlaýar. Olar haýdap dükana gaýdyp gelýänçä, zibil eýýäm äkidilen eken.

Biletiň eýesi dessine bu ýerlerde hyzmat edýän SANB kommunal kärhanasy bilen habarlaşýar. Kärhananyň başlygy Roberto Nikola Toskano zyňyndylar entek poligona eltilip, presslenmänkä zibil daşaýan ulagyň ugruny kesgitläp, ony saklamaga ýetişýär.

«Hernä, ol gün ýekşenbedi, ýogsam ýük eýýäm poligona düşürilerdi» diýip, Toskano «TGCOM24» telekanalynyň göni ýaýlymynda gürrüň berdi.

Howply serişdeleriň bolmak ähtimallygy sebäpli ulagy ýöriteleşdirilen kärhana getirýärler, ol ýerde işgärler tas iki günläp zibili el bilen dörüp, ençeme tonna zyňyndynyň içinden kiçijik bir kagyzy gözleýärler.

Netijede bileti tapmak başardýar. Ol beýleki zeper ýeten biletler bilen bilelikde ýyrtyk pakediň içinde ýatan eken, hernä hut şol bilen abat galypdyr. Gözlege gatnaşan işgärler bu tapynda edil özleri utan ýaly monça bolup begenipdir.

Biletiň eýesi gözlegler bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmaga wada berip, öňünden degişli dil hatyna gol çekipdir.

Ýeri gelende aýtsak, şol günki başdangeçirmelerden soň Roberto Nikola Toskano bilen onuň kärdeşleriniň hem bagty daş ýarypdyr. Olaryň oýun edip satyn alan lotereýa bileti utuşly çykyp, olara €50 getirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.