Italiýanyň Emiliýa-Romanýa sebitindäki Forli şäheriniň aeroportyna (Luigi Ridolfi Airport) tizligi sagatda 100–120 kilometre ýetýän apy-tupan uly weýrançylyk getirdi. Harasat sebäpli ýeňil motorly uçarlaryň birnäçesi agdaryldy.
Aeroportyň işini bir sagatlap togtatmaly boldy.
Ýerli häkimiýetleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, uçarlara uly zeper ýeten hem bolsa, şikes alanlar barada habar gowuşmady.
Güýçli şemal üç sany uçary ýerinden süýşürdi. Bu ýagdaý uçarlaryň biriniň gonup barýan pursadyna gabat geldi. Kiçi uçarlaryň käbiri agdaryldy.
Tupan diňe bir aeroport bilen çäklenmedi. Turan güýçli ýel şäheriň dürli künjeklerinde agaçlary ýykdy, elektrik geçiriji ulgamlaryna zeper ýetirdi we ençeme hojalygy elektrik energiýasyndan mahrum etdi.