Toyota amortizatordaky kemçilik sebäpli 48 müň Tacoma-ny yzyna çagyrýar

10.08.2026, 00:572,209

Toyota kompaniýasy hereket wagtynda amortizatoryň daşky ýag çelejiginiň gopup gaýtmak töwekgelçiligi sebäpli, ABŞ-da 2024–2025-nji model ýyllaryna degişli 48 müňe golaý Tacoma pikapyny yzyna çagyrýar.

Poslama zerarly bu detalyň ýolda gaçyp galmagy mümkin, bu bolsa beýleki ulaglar üçin päsgelçilik döredip, ýol heläkçiligine getirip biler.

Bu mesele çelejigi daşynda bolýa  bir turbaly Bilstein amortizatorlary bilen enjamlaşdyrylan Tacoma TRD Off-Road wersiýasyna degişli. Onuň şeýle gurluşy ýolsuzlyk şertlerinde asma ulgamynyň has netijeli işlemegine we sowamagyna niýetlenendir.

Toyota kompaniýasy meseläniň diňe bellibir hereketlendiriji bilen baglydygyny ýa däldigini heniz aýdyňlaşdyrmady. Tacoma TRD Off-Road 2,4 litrlik turbo hereketlendiriji we i-FORCE MAX gibrid ulgamy bilen öndürilýär.

Kanadada bu yzyna çagyryş kampaniýasy goşmaça 2024-nji ýylda çykan 3 551 sany Tacoma TRD Off-Road ulagyna hem degişli boldy. Şunlukda, tassyklanan iki kampaniýa Demirgazyk Amerikada jemi 51 müňden gowrak awtoulagy öz içine alýar.

Dilerler önki we arka amortizatorlary barlap, zerur bolan ýagdaýynda näsaz şaýlary has kämilleşdirilen görnüşleri bilen mugt çalşyp bererler. ABŞ-daky ulag eýelerine 2026-njy ýylyň oktabr aýynyň başlaryna çenli habar bermek meýilleşdirilýär.

Ulaglary abatlama işleri geçirilýänçä sürmegi gadagan edýän resmi görkezme çykarylmady. Habar neşir edilen pursady, täze kampaniýa heniz NHTSA maglumat bazasynda aýratyn ýazgy hökmünde hem peýda bolmandy. Şeýle-de bolsa, täze TRD Off-Road awtoulaglarynyň eýelerine diňe göze ilýän poslama alamatlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny däl, eýsem VIN kodlaryny hem barlamak maslahat berilýär.

Bu Tacoma-nyň häzirki nesli üçin ilkinji yzyna çagyryş däl. Toyota mundan ozal yzky tormoz şlanglarynyň hapadan we zir-zibilden ýaňa zaýalanmak töwekgelçiligi sebäpli başga bir hyzmat kampaniýasyny takmynan 222 000 awtoulaga çenli giňeldipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.