Türkmenistanyň Ýaşlar simfonik orkestri Berlinde geçirilen 27-nji «Young Euro Classic» halkara festiwalyna gatnaşdy.
Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Ýaşlar simfonik orkestri Žandarmenmarkt meýdançasyndaky «Konzerthaus Berlin» sahnasynda konsert berdi. Pianinoçy Şaislam Komiljanow solist hökmünde çykyş etdi.
Orkestriň maksatnamasy milli simfonik mekdebiniň naýbaşy eserlerini we dünýä belli nusgawy repertuary öz içine aldy. Tomaşaçylar Çary Nurymowyň fortepiano bilen orkestr üçin konsertini, Weli Muhadowyň «Meniň Watanym» simfonik poemasyny hem-de dünýäniň nusgawy simfonik eserlerini diňlemekden lezzet aldy.
31-nji iýuldan 16-njy awgust aralygynda geçirilýän ýaşlar simfonik orkestrleriniň bu abraýly festiwaly dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 14 sany öňdebaryjy ýaşlar orkestrini bir ýere jemledi. Bu çykyş Türkmenistandan gelen ýaş ýerine ýetirijilere milli saz medeniýetini we ýurduň baý mirasyny Ýewropanyň baş akademik sahnasynda görkezmäge mümkinçilik berdi.