LG Display geljekde iMac kompýuterlerinde ulanylyp bilinjek bäş gatly OLED-panellerini taýýarlaýar. Täze tehnologiýa ekranlary has ýagty hem-de çydamly etmäge, şeýle hem ekranlaryň köýmek töwekgelçiligini azaltmaga gönükdirilendir.
The Elec neşiriniň pudaklaýyn çeşmelere salgylanyp habar berşi ýaly, täze panelde gök şöhleden üç gatly we gyzyl hem-de ýaşyl reňkleriň her haýsyndan bir gatly — BGBRB shema ulanylýar. Munuň bilen birlikde, LG Display BGBR diýlip atlandyrylan dört gatly gurluşyň üstünde hem işleýär.
Kompaniýa eýýäm 5K durulygyndaky (5120 × 2880 piksel) 27 dýuýmlyk OLED-paneli tanyşdyrdy. Onuň galyňlygy 220 PPI deňdir. Ekran ownuk tekstleri we sanlary has aýdyň görmäge mümkinçilik berýän sehamly RGB-subpiksel gurluşyny ulanýar.
Geçen ýyl Apple kompaniýasy LG Display, Samsung Display we başga-da öndürijilerden iMac üçin mümkin bolan OLED-paneller barada maglumat sorady. Talaplaryň arasynda 24 dýuým diagonal, 600 kd/m² ýagtylyk we 218 PPI galyňlygy bardy. Şol bir wagtyň özünde LG tarapyndan işlenip düzülen 27 dýuýmlyk 5K-panel entek gönümel iMac üçin iberilmeýär — ol tehnologiýany we onuň köpçülikleýin önümçilige taýýarlygyny bahalandyrmak üçin niýetlenendir.
Bäş gatly gurluş ýokary piksel galyňlygy bolan OLED-iň esasy meseleleriniň birini çözmeli. Gök şöhläniň goşmaça gatlary elementleriň arasynda ýükleri paýlaýar. Bu bolsa ýagtylygy ýokarlandyryp, paneliň hyzmat ediş möhletini uzaltmaga hem-de ekranda şekilleriň yz goýmak töwekgelçiligini azaltmaga mümkinçilik berer.
Tehnologiýanyň esasy kemçiligi — serişde sarp edilişiniň köpelmegi we önümçilik tapgyrynyň çylşyrymlaşmagy. Bu bolsa çykdajyny artdyrýar.
LG Display täze panelleriň işlenip düzülmegini 2028-nji ýylda tamamlamagy meýilleşdirýär, olardan peýdalanyp taýýarlanan önümler bolsa 2029-njy ýylda peýda bolup biler.