Dünýäde zenanlar erkeklerden ortaça 18% az gazanýar

Şu gün, 07:301,910

Bütin dünýäde aýal-gyzlaryň alýan ortaça zähmet haky erkekleriňden 18 göterim az. Bu barada Halkara zähmet guramasynyň (HZG) baş direktory Žilber Ungbo belläp geçdi.

Ungbo deň zähmeti talap edýän iş üçin deň zähmet hakynyň tölenmelidigi baradaky ýörelgäni ýatlatdy.

«Bu ýerde gürrüň öz zähmeti bilen maşgalalary, kärhanalary, jemgyýeti we ykdysadyýeti goldaýan, ýöne häzirem adalatly hak almaýan millionlarça zenanlar barada barýar — diýip, ol belledi. — Bu ýagdaý üýtgemelidir».

Onuň aýtmagyna görä, hökümetler, iş berijiler we işçiler bilelikde jemgyýetiň, ykdysadyýetiň gurluşyndaky böwetleri aradan aýryp, kanunçylygy berkitmäge we zähmet hakynyň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga ukyply. Munuň üçin esasy gurallaryň biri hökmünde sosial dialogy, şol sanda toparlaýyn gepleşikleri ulanmaly.

«Zähmet ulgamy çuňňur üýtgeşmeleri başdan geçirýär, ýöne biziň ýörelgelerimiz üýtgewsiz galýar. Nireli bolsa-da, deň zähmet haky bilen bagly mesele her bir işçi üçin hukuk, ýörelge, mertebe we sosial adalatlylyk meselesine direýär» – diýip, Žilber Ungbo belledi.

«BMG-zenanlar» edarasynda zähmet hakyndaky gender tapawudynyň gelin-gyzlaryň tutuş ömrüniň dowamynda alýan girdejilerine, olaryň pensiýa pullaryna we sosial deňsizligiň derejesine täsir edýändigi nygtaldy. Gurama göçüp gelenlere, maýyplygy bolan zenanlara we jyns hem-de etniki azlyklaryň wekillerine aýratyn üns berdi, olaryň zähmet hakyndaky tapawut aglaba ýagdaýda has-da uly.

2026-njy ýylda BMG-niň Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasynyň 70-nji sessiýasynda hökümetler, iş berijiler we işçileriň wekilleri gelin-gyzlaryň zähmet bazaryna doly derejeli gatnaşmagyna päsgel berýän gurluş böwetlerini aradan aýyrmaga taýýardyklaryny tassyklady.