Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen wekiller, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.
Çäre Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Merkeziň eýwanynda milli mirasyň baýlygyny görkezýän muzeý gymmatlyklaryndan we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň döreen eserlerinden jemlenen sergi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilenden soň, birleşigiň ýerine ýetiriji sekretary Rejep Bazarow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny okady.
Maslahatyň dowamynda birleşigiň alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi we guramanyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Germaniýadaky, Owganystandaky, Birleşen Arap Emirliklerindäki we Türkiýedäki daşary ýurt bölümleriniň wekilleri watandaşlary goldamak, ene dilini hem-de milli däp-dessurlary daşary ýurtlarda gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.
Birleşigiň tapawutlanan agzalaryna Hormat hatlary gowşuryldy.
Maslahatyň jemi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hoşallyk Ýüzlenmesi kabul edildi.