Aşgabat Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini kabul etmäge taýýarlanýar

Şu gün, 17:514,345
1 / 3

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda ýurduň ähli welaýatlaryndan halk wekilleri Aşgabat şäherine gelip başlady. Paýtagtyň Halkara howa menzilinde we demir ýol menzilinde Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan gelen ilçiler dabaraly ýagdaýda garşylandy diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Däp bolşy ýaly, myhmanlara duz-çörek hödür edildi. Bu ýerde aýdym-sazlar ýaňlanyp, döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy. Wekiliýetleriň düzümine hormatly ýaşulular we ak saçly eneler, öňdebaryjy zähmetkeşler, Mejlisiň we ýerli halk maslahatlarynyň deputatlary, edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem talyplar girdi. Olar ähli amatlyklary bolan «Aşgabat» we «Sport» myhmanhanalarynda ýerleşdirildi.

Wekiller üçin saparyň çäklerinde medeni maksatnama taýýarlanyldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda milli atçylyk däplerine, seýisleriň zähmetine, şeýle hem adamyň ykbalyna we ene söýgüsine bagyşlanan «Ak at» sahna oýny görkezildi.

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti boldy. «Aşgabat» kinoteatrynda wekiller türkmen seýisleri, atçylyk däpleri we at çapmak sungaty barada «Uly baýragyň gymmaty» filmine tomaşa etdi.

Gatnaşyjylar taýýarlanan medeni maksatnamanyň myhmanlary ýurduň ruhy mirasy we häzirkizaman medeniýetiň gazananlary bilen tanyşdyrýandygyny belledi.

«Umumymilli forumyň esasy aýratynlygy jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan dürli kärdäki we ýaşdaky raýatlaryň öz pikir-garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçiligiň döredilýändigindedir» — diýip, «Türkmenistan» gazeti Mejlisiň deputaty Jeren Gylyçmyradowanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada aýdan sözlerini getirýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler.