Raýatlaryň 19-syna «Hormatly il ýaşulusy» ady dakyldy

Düýn, 09:228,214

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli halkyň agzybirligini berkitmekde, ýaş nesilleri milli däplere laýyklykda terbiýelemekde uly iş bitiren ýaşululara «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada resmi türkmen metbugatynda habar berilýär.

Resminama laýyklykda, Garaşsyzlygy berkitmäge, milli däp-dessurlary ösdürmäge, halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmaga we ýaş nesle edep-terbiýe bermäge goşan uly goşantlary hem-de durmuşda görkezýän asylly görelde nusgasy üçin aşakdaky raýatlara «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy:

  • Elaman Nurymow — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň professory;
  • Durdymyrat Bäşimow — Aşgabat şäherindäki «Baba Aly mes» dini guramasynyň baş ymamy;
  • Şamuhammet Ballykowiç Şammaýew — Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner;
  • Annabaýram Hojalyýewiç Paýaýew — «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ses operatory;
  • Babajan Amanowiç Gylyjow — «Köne Sarahs» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri öwrenmek, hasaba almak we pasportlaşdyrmak bölüminiň müdiri;
  • Hojageldi Rejepow — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner;
  • Aba Berdiýewiç Abaýew — Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Arapgala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner;
  • Gurban Gurbangeldiýewiç Gurbanow — Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň inçekesel bölüminiň müdiri;
  • Hydyr Öwezowiç Arazow — Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetiniň garawuly;
  • Rejepdurdy Aşyrowiç Tagyýew — Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner;
  • Ýolly Güýjow — Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner;
  • Allamyrat Garlyýew — Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Üzümbag obasynyň ýaşaýjysy, pensioner;
  • Begjan Dowletow — Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Maslahat obasynyň ýaşaýjysy, pensioner;
  • Annamuhammet Weliýewiç Garaýew — Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň müdiri;
  • Ereşbaý Jumaniýazow — Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner;
  • Hudaýnazar Ödäýew — Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner;
  • Berdimyrat Sylabowiç Ýakubow — Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy;
  • Aýdogdy Orazdurdyýewiç Paltaýew — Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi;
  • Muhommetmurat Atageldiýewiç Berdiýew — Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Mekan şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner.