Aşgabatda baýramçylyk mynasybetli geçiriljek konsertler we sahna oýunlary

Düýn, 14:087,876
1 / 3

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk we dynç alyş günlerinde Aşgabatda döredijilik çäreleriniň we konsertleriň ençemesi geçiriler.

26-njy sentýabrda sagat 17:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde Meýlis we Musa Halbaýewleriň konserti bolar. 27-nji sentýabrda sagat 19:00-da bu ýerde Maksat Tuwakow, Parahat Pürjäýew we Begmyrat Çaryýew ýaly türkmen estradasynyň meşhur artistleriniň gatnaşmagynda Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaraly konsert geçiriler.

Mundan başga-da, 28-nji sentýabrda sagat 19:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky filarmoniýa ansamblynyň hem-de Täçnabat Ýomudowa ýaly meşhur aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde «Kino aýdym-sazlarynyň altyn kolleksiýasy» atly konsert bolar.

Şeýle-de, tomaşaçylar üçin teatr oýunlary hem garaşýar.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

  • 26.09.2026: «Wah, siz aýallar» 19:00;
  • 27.09.2026: «Gelin gelýär» 19:00;
  • 28.09.2026: «Giýewleriň bäsleşigi» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

  • 26.09.2026: «Aýdym sazly konsert» 19:00;
  • 27.09.2026: «Aýdym sazly konsert» 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

  • 25.09.2026: «Magnitofon» 19:00;
  • 26.09.2026: «Geliň, gülüşeliň» 19:00;
  • 27.09.2026: «Geliň, gülüşeliň» 19:00;
  • 28.09.2026: «Geliň, gülüşeliň» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:

  • 26.09.2026: «Три поросёнка» 12:00;
  • 26.09.2026: «Пришёл мужчина к женщине» 19:00;
  • 27.09.2026: «Золотой цыплёнок» 11:00; 13:00;
  • 27.09.2026: «Услышь меня» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

  • 26.09.2026: «Janly gurjaklar» 17:00;
  • 26.09.2026: «Dostluk mukamy» 19:00;
  • 27.09.2026: «Şadyýan sazandarlar» 12:00; 17:00;
  • 27.09.2026: «Dostluk mukamy» 19:00.

Teatr maksatnamasynda üýtgeşmeleriň bolmagynyň mümkinligi sebäpli, guramaçylar barmazdan ozal oýunlaryň takyk tertibini kassalardan anyklamagy maslahat berýär.