2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň Ilatyň zähmet we iş bilen üpjünçilik müdirligi tarapyndan guralýan boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada «Aşgabat» gazeti habar berýär.
Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümleri çykyş edýär.
Ýarmarka sagat 09:00-dan 12:00-a çenli S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy salgysynda ýerleşýän TSTB-niň binasynda geçiriler.
Kärhanalar, guramalar, edaralar we hususy telekeçiler hem boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen bilelikde çäräni geçirmäge gatnaşyp biler.
Iş gözleýänler zähmet bazaryndaky häzirki teklipler bilen tanyşmaga we iş berijiler bilen gönüden-göni söhbetdeşlik geçirmäge mümkinçilik alar. Raýatlar çärä gatnaşmak üçin ýany bilen pasportyny, bar bolsa zähmet depderçesini we hünärini tassyklaýan resminamany getirmeli.