Rumyniýada gany girdejä çalşyp, döwlet býujetine $600 milliondan gowrak serişde çekdiler

Düýn, 15:173,734

Rumyniýa döwlet gaznasynynyň ýetmezçiligini ýapmagyň, şol bir wagtda saglygy goraýyş ulgamyna goldaw bermegiň özboluşly usulyny ýola goýdy. Ýurdyň hökümeti raýatlara gan tabşyryp, onuň ornuna döwlet obligasiýalaryndan has ýokary girdeji almak mümkinçiligini hödürleýär diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.

2025-nji ýylyň başyndan bäri bu başlangyç müňlerçe hususy maýadardan, takmynan, 604 million dollar serişde getirdi. Ýurtda gan tabşyrýan donorlar ýyllyk 7%-den ýokary stawka bilen döwlet obligasiýalaryny satyn alyp bilýär. Bu beýleki bölekleýin söwda edýän maýadarlara hödürlenýän şertlerden bir göterim ýokary.

Şeýle başlangyç bir okda iki towşan awlamaga mümkinçilik berýär: döwlet býujetine goşmaça maliýe serişdelerini çekmäge kömek edýär we donor ganynyň ýetmezçiligini aradan aýyrýar. Häzirki wagtda hususy maýadarlar, şol sanda «donor» maksatnamasyna gatnaşýanlar, hökümetiň ähli karz serişdeleriniň tas bäşden bir bölegini üpjün edýär.

Üstesine-de hökümet mahabat üçin goşmaça çykdajy etmeli hem bolmaýar. Gazna gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy Stefan Nanunyň aýtmagyna görä, taslama ilki 2023-nji ýylda meşhur radioýaýlymyň goldawy bilen işe girizilen bolsa, indi ol barada iri teleýaýlymlaryň alyp baryjylary tölegsiz gürrüň berýär.

Ýurtdaky maliýe ýagdaýy dartgynly bolmagynda galýar. Geçen ýyl Rumyniýada Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda iň ýokary býujet ýetmezçiligi hasaba alyndy — bu görkeziji jemi içerki önümiň 7,9%-ine deň boldy. ÝB-niň kadalary boýunça býujet ýetmezçiligi 3%-den geçmeli däl.

Şol sebäpli Ýewropa Komissiýasy Buhareste Ýewropa gaznalaryndan maliýeleşdirmegiň doňdurylmagynyň mümkinçiligi barada duýduryş berdi. Rumyniýanyň häkimiýetleri eýýäm çykdajylary azaltdyp, salgytlary galdyrdylar. Şeýle-de bolsa, 2026-njy ýylyň awgustynda ÝB gysga wagtda döwlet işgärleriniň zähmet haky barada kanun kabul edilmese, Rumyniýa 770 million ýewro möçberindäki maliýe serişdeleriniň bölünip berilmeginiň togtadyljakdygyny aýdyp, ýene-de haýbat atdy.