Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady

Şu gün, 07:182,210

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň gutlagy 27-nji sentýabrda resmi metbugatda çap edildi.

«Mizemez berkararlygymyzyň we agzybirligimiziň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz biziň baş buýsanjymyzdyr. Garaşsyzlyk milli döwletliligimiziň sarsmaz binýadydyr, şöhratly geljegimiziň öçmez nurudyr».

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, täze şäherleriň we obalaryň, döwrebap binalaryň gurulmagy, ykdysadyýetiň ösdürilmegi we iri maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi Garaşsyzlygyň binýadyny has-da pugtalandyrýar.

Gutlagda şu ýyl Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, innowasion tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň, häzirki zaman lukmançylyk we bilim merkezleriniň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň dabaraly açylandygy bellenilýär.

Prezident Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk taryhynda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylandygyny nygtaýar. Milli maksatnamalaryň esasynda ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, senagaty ösdürmek, sebitleri senagatlaşdyrmak we sanly ykdysadyýete geçmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Gutlagda Türkmenistanyň daşary syýasatyna hem aýratyn orun berilýär. Geçen 35 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň bitaraplyk, öňüni alyş, energetika, ulag, ekologiýa, ylmy-lukmançylyk we medeni diplomatiýa ugurlarynda öňe sürlen başlangyçlarynyň ählumumy ähmiýete eýe bolandygy bellenýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany üç gezek kabul etmegine hem aýratyn üns çekilýär.

Serdar Berdimuhamedow halkyna berk jan saglygyny, asuda we abadan durmuşy, egsilmez bagty hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.