Maýkl Jordanyň «soňky tansda» geýen köýnekçesi $12,26 milliona satyldy

Şu gün, 18:50380
1 / 2

Maýkl Jordanyň 1998-nji ýylyň NBA finalynda geýen köýnekçesi Joopiter auksionynda 12,26 million dollara satyldy. Netijede, ol häzire çenli auksionda satylan iň gymmat NBA köýnekçesi boldy we şol bir wagtyň özünde-de basketbolçynyň şahsy zatlarynyň arasynda täze rekord goýdy diýip, auksion öýüniň metbugat gullugy habar berýär.

Köýnekçäniň başky bahasy 10-15 mln dollardan başlady. Bu ak reňkli «Chicago Bulls» eşiginde Jordan 1998-nji ýylyň 7-nji iýunynda final tapgyrynyň «Utah Jazz» toparyna garşy üçünji duşuşygyna çykypdy. Şonda «Chicago» garşydaşyny 96:54 hasaby bilen derbi-dagyn etdi, Jordan bolsa 43 minutda 24 utuk toplady.

Öňki rekord hem Jordanyň şol bir finalyň ilkinji duşuşygynda geýen köýnekçesine degişlidi. 2022-nji ýylda ol 10,091 million dollara satylypdy. 1998-nji ýylyň finaly Jordan we «Chicago» üçin jemleýji çempionlyk boldy: «Bulls» sekiz möwsümiň dowamynda altynjy titulyny gazandy, şol çempionat bolsa, soňlugy bilen «Soňky tans» adyny aldy.

Oýunda geýlen sport esbaplarynyň arasynda absolýut rekord beýsbolçy Beýb Ruta degişlidir: onuň 1932-nji ýylyň Dünýä tapgyrynda geýen maýkasy 2024-nji ýylda 24,12 million dollara satyldy.

Bellenilen auksionda Maýkl Jordanyň 1997-nji ýylda çykan Ferrari F550 Maranello awtomobili hem 2,7 mln dollara täze eýesini tapdy. Bu hem auksionlarda şu model üçin täze rekord boldy.

Maýkl Jordan taryhda iň beýik basketbolçy diýen ada esasy dalaşgärleriň biridir. Onuň «Chicago-nyň» sanawynda gatnaşan alty NBA finalynyň hemmesi çempionlyk bilen tamamlandy, üstesine-de, her gezek Jordan final tapgyrynyň iň gymmatly oýunçysy diýlip yglan edildi. Ol bäş gezek yzygiderli çempionatyň MVP adyna eýe boldy, 14 gezek Ýyldyzlaryň duşuşygyna gatnaşdy we on möwsüm NBA-nyň iň gowy snaýperi boldy.

Meýdançadan daşary Jordan XX asyryň esasy sport ikonalarynyň birine öwrüldi, Nike bilen hyzmatdaşlyk Air Jordan markasyny dünýä tanatdy.