Lebron Jeýms karýerasyny «Filadelfiýada» dowam etdirer

Şu gün, 07:32133
1 / 2

Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) taryhynda iň gowy snaýper Lebron Jeýms «Filadelfiýa Sewenti Siksers» toparyna geçdi. Bu barada amerikan basketbolçysy özüniň X sahypasynda habar berdi.

ESPN teleýaýlymynyň žurnalisti Şems Çaraniýanyň maglumatyna görä, oýunçy bilen baglaşylan ylalaşyk iki ýyla niýetlenýär we onuň bahasy 8 million dollara barabar.

«Möwsüm tamamlananda men munuň bilen arany üzdüm diýip pikir edipdim. Men muny yglan etmäge taýyn däldim we hakykatdan bellibir netijä gelmek üçin maňa wagt gerekdigini bilýärdim, ýöne özümiň iň soňky oýnumy oýnandygyma tas ynanýardym. Men «Filadelfiýany» çempion topar etmäge kömek edip biljekdigime ynanýaryn we täze janköýerler toparyny ruhlandyrmakdan hem-de iň soňky gezek bu ajaýyp syýahata başlamakdan örän tolgunýaryn» – diýip, Jeýms ýazdy.

Iýun aýynda Jeýms 2018-nji ýyldan bäri çykyş eden «Los-Anjeles Leýkers» toparyndan gitdi. Ol topar bilen bilelikde 2019/20-nji ýyllaryň möwsüminde NBA-nyň çempiony bolupdy.

Jeýms 41 ýaşynda, ol dört gezek NBA-nyň çempiony boldy, yzygiderli çempionatyň iň gowy oýunçysy we pleý-offuň jemleýji tapgyrynyň iň gymmatly basketbolçysy diýlip ykrar edildi. Amerikan basketbolçysy NBA üçin rekord bolan 23 möwsümi geçirdi. ABŞ-nyň milli ýygyndysy bilen bilelikde Jeýms üç gezek Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny (2008, 2012, 2024) gazandy we 2004-nji ýylyň Olimpiadasynyň bürünç medalyna eýe boldy. Öz karýerasynyň dowamynda ol «Kliwlend Kawalýers» we «Maýami Hit» toparlarynda hem çykyş edipdi.

Geçen möwsümde «Filadelfiýa» yzygiderli çempionatyň netijeleri boýunça Gündogar konferensiýanyň ýaryş jedwelinde 7-nji orny eýeledi. Pleý-off tapgyrynda topar çärýek finala ýetip, bu tapgyrda soňlugy bilen ýaryşyň ýeňijisi bolan «Nýu-Ýork Niks» toparyndan utuldy (0-4).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.