Maradonanyň geçiren dawaly golundaky top $3,3 milliona satyldy

Düýn, 10:094,541
1 / 2

Diego Maradonanyň futbol taryhyna «Hudaýyň eli» ady bilen giren golundaky Adidas Azteca topy ABŞ-da geçirilen auksionda 3,3 million dollara satyldy. Ilkibaşda onuň, takmynan, 10 million dollara geçjegine garaşylýardy.

Heritage Auctions auksion öýi bu topy «özboluşly» we «futbol dünýäsindäki iň ähmiýetli ýadygärlik» hasaplaýar.

Gol 1986-njy ýylyň 22-nji iýunynda Dünýä çempionatynyň çärýek finalynda geçirilipdi. Maradona Angliýanyň ýygyndysynyň derwezesine topy eli bilen gönükdiripdi, emma oýnuň emini Aly bin Nasser hüjümçi topy kellesi bilen urandyr öýdüp, goly hasaba alypdy.

Soň-soňlar Maradonanyň özi jedelli gol barada «bir tarapdan ol Maradonanyň kellesi, beýleki tarapdanam Hudaýyň eli bilen girdi» diýip, teswir beripdi. 

Top 30 ýyldan gowrak wagt Aly bin Nasseriň elinde saklanypdyr. 2022-nji ýylda öňki emin ony 2,37 million dollara satypdyr. Bir ýyldan soň täze eýesi ony auksiona çykarmaga synanyşypdyr, emma alyjylaryň gyzyklanmasy ýeterlik bolmansoň, satuw ýatyrylypdyr.

Indi bu meşhur futbol ýadygärligi ýene-de eýesini çalyşdy, ýöne ýene-de satyjylaryň tamasyny ödemedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.