«Mançester Siti» Gwardiolanyň iş otagyndaky zatlary auksiona çykardy

Şu gün, 08:012,824
1 / 3

«Mançester Siti» futbol kluby janköýerlere toparyň öňki baş tälimçisi Hosep Gwardiolanyň iş otagyna degişli zatlary satyn almaga mümkinçilik berýän auksion gurady.

Taslama gatnaşyjylar üçin klub tälimçiniň otagy boýunça interaktiw 3D-syýahat taýýarlady. Wirtual gezelenjiň dowamynda otagyň mebelini we beýleki zatlary synlap, ispaniýaly hünärmeniň zähmeti bilen bagly bolan asyl nusgadaky zatlara baha kesip bolýar

Auksiona türgenleşik eşikleri, hüjüm çyzgylary, fotosuratlar we beýleki ýadygärlik zatlar çykaryldy. Häzirki wagtda iň gymmat haryt — hüjümçi Erling Holandyň Angliýanyň Premýer-ligasynda (APL) salan 100-nji goly mynasybetli gol çekilen top boldy. Onuň häzirki bahasy 4 müň ýewro barabardyr.

Auksionyň netijesinde toplanylan ähli serişdeler haýyr-sahawat maksatlaryna gönükdiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.