Aşgabatda Baş Täze ýyl arçasyny bezemek boýunça bäsleşik yglan edildi

Düýn, 19:174,670

Aşgabat şäher häkimligi Täze ýyl mynasybetli «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnaljak paýtagtyň Baş arçasyny bezemek boýunça enjamlary we serişdeleri satyn almak, şeýle hem bezeg işlerini ýerine ýetirmek üçin bäsleşik yglan etdi.

Degişli maglumatlar e.fineconomic.gov.tm saýtynda we «Türkmenistan» gazetinde ýerleşdirildi.

Bäsleşik üç sany loty öz içine alýar:

  • Lot № 415 — Baş arçany we onuň töweregini bezemek üçin enjamlary satyn almak.
  • Lot № 416 — arçanyň şahalary üçin, şeýle hem arçanyň özüni we töweregini bezemek üçin dürli ölçegdäki tebigy agaçlary satyn almak.
  • Lot № 417 — Baş arçany we onuň töweregini bezemek boýunça işleri ýerine ýetirmek.

Aşgabat şäher häkimligi ilkinji iki lot boýunça alyjy, üçünji lot boýunça buýrujy hökmünde çykyş edýär.

Bäsleşik 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda sagat 10:00-da geçiriler. Gatnaşyjylardan resminamalar 15-nji oktýabra, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

Harytlary getirmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň şertleri, möçberleri we takyk resminamalar baradaky maglumatlary şu salgy boýunça bäsleşik toparyndan alyp bolar: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 156-njy jaý (Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi).

Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.