«Villa Vie Odyssey» kruiz gämisi ýolagçylary Kambojada taşlap gitdi

05.11.2026, 15:036,224

«Villa Vie Odyssey» kruiz gämisi Kambojanyň Sianukwil şäheriniň portundan ýolagçysyz ugrady diýip, Euronews habar berýär.

Mundan ozal gämä eýeçilik edýän kompaniýanyň ýangyjyň bahasynyň duýdansyz ýokarlanmagy sebäpli dünýä syýahatyny möhletinden öň ýatyryp, ähli ýolagçydan kaýutalary boşatmagy talap edendigini habar beripdik.

Ýerli syýahatçylyk müdirliginiň ýolbaşçysy Taing Soçitkrişnanyň aýtmagyna görä, gäminiň üstünde diňe 50 töweregi ekipaž agzasy galypdyr. Takmynan, 100 ýolagçy häzirlikçe Kambojada ýerleşip, beýlekileri bolsa sebitiň başga ýurtlaryna gidipdir.

Gämi, meýilnama boýunça, 23-nji oktýabrda Sianukwil portuna bäş günlük gelipdi. Şondan soň ol Wýetnama ugramalydy. Emma ABŞ-nyň Florida ştatynda ýerleşýän Villa Vie Residences kompaniýasynyň kruiz syýahatyny bes etmek kararyna gelendigi sebäpli, ähli ýolagçylar öz isleglerine garamazdan, gämiden düşmäge we şahsy goşlaryny alyp gitmäge mejbur boldular.

Gämide jemi 203 adam bardy.

Uzak möhletli deňiz syýahatlaryny guramak «Villa Vie Odyssey» gämisiniň esasy aýratynlygy bolup durýar. Gäminiň üstünde hemişelik ýaşamak üçin niýetlenen kaýutalaryň bahasy 100 müňden 400 müň ýewro aralygyndadyr. Ýöne bu gezek ýolagçylaryň dünýä syýahaty meýilleşdirilen möhletinden ir tamamlandy. Olaryň köpüsi bolsa gämä gaýdyp gelmekden tamasyny üzdi.