Rimdäki Trewi çüwdürimi syýahatçylar üçin töleg girizilenden soň €174 müň ýitirdi

Şu gün, 11:25675

2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda Rimdäki Trewi çüwdüriminden, takmynan, €1,24 million ýygnaldy — bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan, €174 müň azdyr. Bu barada «Roma Capitale» radiosy Katolik buthanasynyň «Caritas» haýyr-sahawat guramasynyň maglumatyna salgylanyp habar berýär.

2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda syýahatçylar çüwdürimde, takmynan, €1,42 million galdyrypdy. Çykarylan teňňeleriň agramy hem, takmynan, 10–15 göterim azalyp, 22 740,55 kg boldy.

Ýygymlaryň azalmagynyň sebäbi ýadygärlige barmak üçin täze düzgünleriň girizilmegi boldy. Fewral aýyndan başlap syýahatçylar çüwdürimiň ýanyna barmak üçin €2 tölemeli bolýar. Häkimiýetler syýahatçy akymyny düzgünleşdirmek we binagärlik desgasyny gorap saklamak maksady bilen tölegli girişi girizdi.

Germewler sebäpli syýahatçylaryň köpüsi indi çüwdürime daşdan syn edýär we suwa teňňe oklamakdan saklanýar. Ýygnalan serişdeler Trewiniň idegine we sosial maksatnamalara, şeýle hem mätäçlere kömek etmäge gönükdirilýär. Mundan başga-da, bu pullar rimlilere şäher muzeýlerine mugt girişi üpjün etmek üçin ulanylýar.

Teňňeleri çykarmak işi polisiýa işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýär. «Caritas» guramasy 2022-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli çüwdürimden ýygnalan, takmynan, €7 milliony haýyr-sahawata gönükdirdi.

Trewi çüwdürimi 1732–1762-nji ýyllarda binagär Nikolo Salwiniň taslamasy boýunça guruldy. Kompozisiýanyň merkezi heýkeli — suwlary boýun egdirýän Ummandyr. Çüwdürime suw baryp b.e. öňki 19-njy ýylda gurlan akweduk arkaly gelýär.