Gyrgyzystan ýene 18 ýurt üçin wizasyz syýahat tertibini girizmegi meýilleşdirýär

Şu gün, 11:10891

Gyrgyzystan ýene-de 18 ýurduň raýatlary üçin wizasyz syýahat tertibini girizmegi teklip etdi. Ykdysadyýet we söwda ministrligi degişli kararyň taslamasyny jemgyýetçiligiň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürledi diýip, 24.kg habar berýär.

Teklip edilýän sanawa Indoneziýa, Filippinler, Iordaniýa, Marokko, Günorta Afrika Respublikasy, Wenesuela, Nepal, Tunis, Kolumbiýa, Dominikan Respublikasy, Kosta-Rika, Ekwador, Peru, Panama, Seýşel adalary, Trinidad we Tobago, Gwatemala hem-de Ýamaýka girýär.

Şeýle hem wizasyz düzgünden peýdalanýan ýurtlaryň raýatlaryna Gyrgyzystanda bolmaga rugsat berilýän möhleti uzaltmak teklip edilýär. Häzirki wagtda olar her 60 günlük döwürde 30 güne çenli galyp bilýän bolsalar, täze teklibe görä, 120 günlük döwürde 60 güne çenli galyp bilerler.

Ykdysadyýet ministrligi hereket edýän çäklendirmeleriň syýahatçylar, aýratyn-da, uzak möhletli beýik dag ekspedisiýalaryna gatnaşýanlar üçin kynçylyk döredýändigini belleýär. Lenin, Han-Tengri we Pobeda (Žeňiş) depelerine çykmak oňaýly howa şertlerine garaşmak, taýýarlyk görmek we beýiklige uýgunlaşmak zerarly 45–60 güne çenli wagt alyp biler.

Häzirki wagtda Gyrgyzystanyň wizasyz syýahat boýunça esasy sanawyna 55 ýurt girýär, ýene-de 20 ýurt üçin bu düzgüni göz öňünde tutýan aýry-aýry düzgünler bar. Deňeşdirip aýtsak, Gazagystan 80-den gowrak, Özbegistan bolsa 90-dan gowrak ýurduň raýatlaryna wizasyz syýahat etmäge rugsat berýär.

Taslamany taýýarlanlaryň pikiriçe, teklip edilýän üýtgetmeler täze bazarlardan syýahatçylary çekmäge we syýahatçylyk pudagynyň girdejilerini artdyrmaga ýardam eder. Şol bir wagtyň özünde, migrasiýa hasaba alyş talaplary, serhet gözegçiligi we milli howpsuzlyk kanunçylygy öňki güýjünde galar.