Pakistanyň söwda ministri Jam Kamal Han Türkmenistan bilen söwdany ösdürmegiň çäginde tiz zaýalanýan oba hojalyk we azyk önümleri üçin çarter ýük awiagatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Pakistanyň Maglumat we teleradioýaýlymlar ministrliginiň (PID) habar bermegine görä, Jam Kamal Han şeýle teklibi duşenbe güni Yslamabatda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Dörtguly Süleýmanow bilen geçirilen duşuşykda beýan etdi. Onuň aýtmagyna görä, Yslamabat bilen Aşgabadyň arasyndaky uly bolmadyk aralyk gyssagly eltmeli harytlaryň eksportynda möhüm artykmaçlyga öwrülip biler.
Şeýle-de Pakistanyň söwda ministri Yslamabat bilen Aşgabadyň arasynda göni gatnawlary ýola goýmak mümkinçilini öwrenmegi teklip etdi.
Duşuşygyň dowamynda ministrler özara söwdany giňeltmek, harytlaryň iki ýurduň bazarlaryna çykmagyny gowulandyrmak we işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdy. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde dokma pudagy, oba hojalygy, azyk önümlerini gaýtadan işlemek, senagat önümçiligi we logistika görkezildi.
Gepleşikleriň barşynda Jam Kamal Han iki ýurduň işewür wekiliýetleriniň özara saparlaryna ýokary baha berip, täze maýa goýum mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we täjirçilik taýdan bähbitli söwda şertnamalaryny işläp taýýarlamak üçin yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-pakistan ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklady.