Türkmenistan we Özbegistan wizasyz hereketi we awiagatnawy maslahatlaşdy

Şu gün, 17:213,289

18-nji noýabrda Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Olimžon Abdullaýew bilen Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde habar berilmegine görä, taraplar Daşkent – Aşgabat – Daşkent ugry boýunça yzygiderli howa gatnawyny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Seredilen ýene bir mesele serhetýaka çäkleriň ýaşaýjylarynyň üç gije-gündize çenli möhlet bilen wizasyz hereketini dikeltmek boldy. Şeýle mümkinçilik 2004-nji ýylyň hökümetara ylalaşygynda göz öňünde tutulýar.

Konsullyk ulgamynda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem ygtyýarly edaralaryň arasynda maglumat alyşmagy kämilleşdirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bu meseleleri degişli pudak edaralary bilen bilelikde işläp taýýarlamak barada ylalaşdy.