Anthropic kompaniýasynyň paýnamalary birža söwdasynyň ilkinji gününde bir paý üçin, takmynan, 111 dollar bahadan söwdalaşylyp başlady. Bu paýnamalaryň ilkinji köpçülikleýin ýerleşdiriliş (IPO) bahasyndan 30 göterimden gowrak ýokary diýip, «Bloomberg» habar berýär.
Bir gün öň paýnamalaryň başlangyç bahasy 83 dollar diýlip kesgitlenipdi.
Paýnamalar biržada ANT tikeri astynda söwdalaşylýar. Söwdanyň başyndaky bahadan ugur alnyp hasaplananda, Anthropic kompaniýasynyň bazar kapitalizasiýasy 2 trillion dollardan geçdi. Bu görkeziji Meta we SpaceX kompaniýalarynyňkydan hem ýokary boldy.
Söwdanyň ilkinji gününiň netijesinde paýnamalaryň bahasy 97,17 dollar derejesinde ýapyldy. Bu bolsa olaryň ýerleşdiriliş bahasyndan 17 göterim ýokarydyr.
Söwdalar başlamazdan öň Anthropic-iň esaslandyryjylarynyň biri we ýolbaşçysy Dario Amodeý emeli aňyň lukmançylygy ösdürmekdäki mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Ol kompaniýanyň howpsuzlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny nygtady. Kompaniýanyň esaslandyryjylarynyň ýene biri, prezidenti Daniela Amodeý bolsa emeli aňyň kömegi bilen nämeleriň dörediljekdiginiň diňe adamlaryň özüne baglydygyny belledi.