Nike 24 ýyllyk arakesmeden soň «Formula-1»-e dolanýar: Egin-eşik brendi Puma-nyň ornuny eýelär

Şu gün, 15:501,805
1 / 2

Amerikanyň Nike kompaniýasy 2027-nji ýyldan başlap, nemes Puma kompaniýasynyň ornuny tutmak bilen, «Formula-1» ýaryşlarynyň sürüjilerini we işgärlerini egin-eşik hem-de zerur serişdeler bilen üpjün eder.

Ylalaşygyň möhleti we maliýe şertleri mälim edilmedi.

Hyzmatdaşlygyň çäginde Nike «Formula-1» bilen bilelikdäki geýim kolleksiýalaryny hem çykarar. Käbir dükanlarda eýýäm Las Vegas Grand Prix x Nike kolleksiýasy elýeterlidir.

Nikebu «Formula-1» ýaryşyna ýaňy gelen däl. 1996–2002-nji ýyllarda kompaniýa nemes sürüjisi Mihael Şumahere hemaýatkärlik edipdi.