24 — 26-njy noýabr aralygynda geçiriljek «Türkmentel 2026» halkara sergisine we ylmy maslahatyna ýurdumyzyň öňdebaryjy sanly platformalary TmCars hem-de Aýdym öz diwarlygy bilen gatnaşar.
Serginiň dowamynda TmCars platformasynyň hünärmenleri myhmanlary sanly meýdançanyň hödürleýän hyzmatlary we täze funksiýalary bilen ýakyndan tanyşdyrar. Diwarlyga gelen ulanyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap alyp biler. Şeýle hem TmCars-da öz telekeçilik işini ýola goýmak we ösdürmek isleýänler üçin internet söwdasy hem-de mahabat gurallaryndan netijeli peýdalanmagyň ýollary barada ýörite maslahatlar berler.
Türkmenistanda TmCars ykjam goşundysy ilkibaşda awtoulaglary satyn almak we satmak üçin onlaýn hyzmatlary hödürleýän platforma hökmünde tanalypdy. Soňlugy bilen ol dürli harytlar we hyzmatlar barada bildirişleri ýerleşdirmek üçin giň gerimli meýdança öwrüldi. Häzire çenli Android ulgamynda goşundy 5 milliondan gowrak gezek ýüklenip alyndy, onuň aýdaky işjeň ulanyjylarynyň sany 1 milliondan geçýär.
Şeýle hem sergide myhmanlar Aýdym goşundysyna goşulan täze mümkinçilikler, öz aýdymlaryňy köpçülige ýetirmegiň şertleri we beýleki peýdaly hyzmatlar barada giňişleýin maglumat alyp biler. Bu aýdym-saz portaly ulanyjylara 100 müňlerçe aýdymlardyr wideoşekillerden lezzet almaga, olary oflaýn görnüşde diňlemäge, şahsy pleýlistleri döretmäge hem-de paýlaşmaga, şeýle-de sowgatlyk abunasy arkaly çäksiz aýdym-saz giňişligine aralaşmaga mümkinçilik berýär.
Ýaňy-ýakynda platforma täze funksiýalar goşuldy. Indi goşundyda aýdymlaryň nobatyny döredip, ony islegiňe görä sazlap, islendik ýüklenen aýdymy bolsa öz jaňyň sazyna goýup bolýar. Bular we beýleki täze funksiýalar dogrusynda biziň diwarlygymyzda has giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz.
«Türkmentel 2026» sergisi «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» (ITTC 2026) atly halkara maslahat we sergi bilen bilelikde geçiriler. Bu giň gerimli çärelere jemi 300-den gowrak halkara guramalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň, 600-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.
Forumyň we serginiň çäginde sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary, telekommunikasiýa hem-de ulag-logistika zynjyrynyň innowasion çözgütleri boýunça täzelikler görkeziler. Şeýle hem Halkara Elektroaragatnaşyk Bileleşigi (ITU) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) tarapyndan kiberhowpsuzlyk hem-de emeli aň boýunça okuw maslahatlary guralar. Çäräniň dowamynda «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçiriler.