Boksçy Taýson Fýuride şizofreniýa keseliniň bardygy anyklanyldy

Şu gün, 08:41910

Boks boýunça öňki dünýä çempiony Taýson Fýuri 2015-nji ýylda özüne şizofreniýa we bipolýar bozulma keselleriniň diagnozynyň goýlandygyny mälim etdi. Türgen bu barada 27-nji noýabrda Netflix platformasynda görkezilmegi meýilleşdirilýän dokumental filmde gürrüň berdi.

Oňa bu diagnoz ukrainaly Wladimir Kliçkony ýeňenden gysga wagt soň goýlupdyr. Şol tutluşykda Fýure eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazanyp, WBO, WBA, IBF, IBO guramalarynyň hem-de The Ring žurnalynyň netijesi boýunça dünýä çempionlyk guşaklaryna eýe bolupdy. Birnäçe aýdan soň bolsa, boksçy ýürek keselinden şübhelenip, hassahana ýerleşdirilipdir.

Fýuriniň aýtmagyna görä, şol döwürde ol güýçli howsalaly ýagdaýy başdan geçiripdir, dürli sesleri eşidipdir we özüni illuminatlar yzarlaýandyr öýdüp gorkupdyr. Munuň üstesine, zyýanly endiklere-de garşy göreşmeli bolupdyr.

Türgen hassahanadan çykandan, takmynan, bir ýyl soň, durmuşyny üýtgetmegiň zerurdygyna düşünendigini gürrüň berdi. Şondan soň ol maşgalasyna we türgenleşiklerine has köp wagt sarp edip başlapdyr. 2020-nji ýylda bolsa amerikaly Deonteý Waýlderi ýeňip, WBC guramasynyň netijesi boýunça dünýä çempiony bolupdyr.

38 ýaşly britaniýaly boksçy indiki tutluşygyny watandaşy Entoni Joşua bilen geçirer. Söweş 11-nji dekabrda Kardiff şäherindäki «Millennium» stadionynda bolar.