Ilkinji pakistanly kosmonawt hytaý kosmos gämisi bilen älem giňişligine uçdy

Şu gün, 12:192,082
1 / 7

Hytaý üç kosmonawtly «Şençžou-24» kosmos gämisini älem giňişligine uçurdy. Olaryň arasynda pakistanly Muhammet Zişan Ali hem bar. Ol Pakistanda hünär taýýarlygyny geçen ilkinji kosmonawt we Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna baran ilkinji daşary ýurtly boldy.

Öň Pakistanyň Harby-howa güýçlerinde uçarman bolup işlän 40 ýaşly Ali orbital stansiýada bir hepde töweregi bolup, birnäçe ylmy barlaglara gatnaşar. Olaryň arasynda bakteriýalarda fotosintezi öwrenmek, kosmos şöhlelenmesiniň we mikroagramsyzlyk ýagdaýynyň kinoa tohumlaryna täsirini barlamak ýaly synaglar bar.

Bularyň daşyndan Pakistanyň kosmos agentligi hem oňa ýene dört sany ylmy synagy tabşyrdy.

«Men egnimde diňe bir öz ýurdumyň adyny däl, eýsem 250 million pakistanlynyň umyt-arzuwlaryny hem alyp barýaryn» diýip, Ali uçuşyň öňüsyrasynda begenjini paýlaşdy.

Kosmonawt üçin esasy kynçylyklaryň biri hytaý dilini öwrenmek boldy. Kosmos gämisindäki ähli enjamlaryň we sesli buýruklaryň hytaý dilindedigi üçin, ol Pekinde ýedi aýlap bu diliň gepleşik we tehniki ugurlaryny öwrendi.

Bu uçuş Hytaý bilen Pakistanyň kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup durýar. Ali we onuň watandaşy Hurram Dawud Hytaýda taýýarlyk geçdi. Daşary ýurtly kosmonawtyň Hytaýyň orbital stansiýasyna iberilmeginiň diplomatik ähmiýeti hem bar. Çünki Pekin «Týangun» stansiýasyny halkara ylmy barlaglaryň merkezine öwürmegi we ABŞ bilen kosmos bäsleşiginde öz ornuny berkitmegi maksat edinýär.