2028-nji ýylda futbol boýunça Amerikanyň kubogy ABŞ-da geçiriler. Bu barada Günorta Amerika Futbol Konfederasiýasy (KONMEBOL) hem-de Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasy (KONKAKAF) yglan etdi.
Taraplar hyzmatdaşlygyny uzaltdylar.
Ýaryş 2028-nji ýylyň 9-njy iýunyndan 9-njy iýulyna çenli dowam eder. Oňa 16 topar: KONMEBOL-dan 10 topar, KONKAKAF-dan 6 topar gatnaşar.
Ýaryşa gatnaşjak ýygyndylar 2027-nji ýylyň 17-nji iýunyndan 11-nji iýulyna çenli aralykda geçiriljek KONKAKAF-yň Altyn kubogynda kesgitlener.
«ABŞ dünýäniň iň gadymy ýygyndylar ýaryşynyň taryhynda açyljak täze bölümiň sahnasy bolar» diýip, KONMEBOL beýanatynda aýtdy.
Birleşen Ştatlar mundan ozal 2016-njy we 2024-nji ýyllarda hem Amerikanyň kubogy ýaryşyny geçiripdi. Soňky gezek bu kubogy Argentinanyň milli ýygyndysy eýeläpdi. 2024-nji ýylyň finalynda ol Kolumbiýanyň toparyndan üstün çykypdy.