«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» hem-de «Türkmentel — 2026» forumlarynyň dowamynda ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly işewürleriň wekilleri bilen özara duşuşyklary geçirildi.
Duşuşyklarda ulag-logistika düzümlerini we maglumat tehnologiýalary ulgamlaryny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler we özara bähbitli işewürlik tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň degişli düzümleri bilen iri daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmek dabarasy geçirildi.
Gol çekilen resminamalar:
- Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Dell Technologies Kazakhstan and Central Asia» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň «Школа 21» ilatyň biliminiň hil derejesini ýokarlandyrmak boýunça awtonom täjirçilik däl guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meýiller hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Canaan Creative Global Pte. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda häzirki zaman hasaplama tehnologiýalary we sanly infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we «USS Denizcilik ve Lojistik Tic. ve San. Ltd. Şti.» kompaniýasynyň arasynda portlary ösdürmek, logistika, flotdan peýdalanmak we gämi abatlamak ugurlarynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «JS International Korea» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.