Şu gün «Türkmentel – 2026» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäginde «Sanly çözgüt – 2026» innowasion taslamalar bäsleşigi jemlendi. Onuň netijeleri boýunça «E-bakja» taslamasy birinji orna mynasyp boldy diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmeni Şatlyk Şöhradow tarapyndan taýýarlanylan bu taslama çagalar baglarynyň işini döwrebaplaşdyrmaga, ene-atalaryň hem-de bilim işgärleriniň gündelik işini ýeňilleşdirmäge gönükdirilen web sahypasyny we mobil goşundysyny öz içine alýar.
Bäsleşige okuwçylar, talyplar we ýaş hünärmenler tarapyndan emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrma, «akylly» oba hojalygy tehnologiýalary, Smart City, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk, şeýle hem hyzmatlar ulgamy ýaly ýedi ugur boýunça jemi 442 taslama hödürlendi. Saýlama tapgyrynda taslamalara täzeçilligi, tehniki ýerine ýetirilişi, netijeliligi, kiberhowpsuzlyk talaplaryna laýyklygy we durmuşa geçirip boljakdygy boýunça baha berildi.
Ýeňijilere diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
«Sanly çözgüt – 2026» taslamasy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan 2020-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Bäsleşik IT ulgamynda ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, innowasion işläp taýýarlamalary goldamaga hem-de täze startaplary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Bu ýyl bäsleşik Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda geçirildi.