Saglyk

Barlagçylar ýetginjekleriň was-waslygyny süýji içgilerden görýärler
23.02.2026 18:12
6k+

Barlagçylar ýetginjekleriň was-waslygyny süýji içgilerden görýärler

Düzüminde şekeriň mukdary ýokary bolan içgiler bilen ýetginjeklerdäki was-waslyk alamatlarynyň arasynda arabaglanyşyk bar. Muny Bornmut uniwersitetiniň we Beýrutdaky Liwan amerikan uniwersitetiniň alymy doktor Karim Halediň ýolbaşçylygyndaky täze barlag ýüze çykardy diýip, Medical Xpress žurnaly habar berýär
Ýaponiýada Parkinson keselini bejerýän ilkinji derman bölekleýin tassyklanyldy
22.02.2026 17:06
2.5k+

Ýaponiýada Parkinson keselini bejerýän ilkinji derman bölekleýin tassyklanyldy

Ýaponiýada Parkinson keselini bejermek üçin induksirlenen plýuripotent sütün öýjükleri (iPS-öýjükleri) esasynda işlenip düzülen derman serişdesini ulanmaga bölekleýin rugsat berildi. Bu barada Kioto uniwersitetiniň ýanyndaky iPS-öýjüklerini barlamak we ulanmak instituty habar berdi
Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy
18.02.2026 15:44
2.9k+

Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy

Rumyn alymlary Skerişoara gowagyndan häzirkizaman antibiotiklerine durnukly bolan gadymy bakteriýa ştammyny tapdy. Bu tapyndy barada «Frontiers in Microbiology» ylmy žurnalynda habar berilýär. Psychrobacter SC65A
Türkmen lukmanlary rak keseliniň öňüni almakda Sloweniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy
16.02.2026 14:19
4.3k+

Türkmen lukmanlary rak keseliniň öňüni almakda Sloweniýanyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet Sloweniýanyň ýatgynyň boýunjygynyň rak keselini irki anyklaýyş we öňüni alyş boýunça öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin Lýublýana şäherine tanyşlyk saparyny amala aşyrdy
Aloe weranyň düzüminde Alsgeýmer keseline garşy madda tapyldy
15.02.2026 13:47
3.2k+

Aloe weranyň düzüminde Alsgeýmer keseline garşy madda tapyldy

Alymlar aloe wera ösümliginiň düzüminde Alsgeýmer keselini bejermek üçin zerur dermanlaryň esasyny düzüp biljek täze bir birleşmäni ýüze çykardylar. Beta-sitosterol diýlip atlandyrylýan bu madda ýatkeşligiň peselmegi bilen bagly iki sany fermentiň işine täsir etmäge ukyply
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri täzelendi
14.02.2026 10:55
16k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri täzelendi

Myrat Akmyradowiç Mämmedow pensiýa gitmegi sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi
Lukmançylykda emeli aňyň artmagy hassalaryň şikes almagyna sebäp bolup bilýär
13.02.2026 11:38
3.4k+

Lukmançylykda emeli aňyň artmagy hassalaryň şikes almagyna sebäp bolup bilýär

Emeli aňyň (EA) lukmançylyk ulgamyna ornaşdyrylmagy bilen bagly näsazlyklar, nädogry anyklaýyşlar we hassalaryň şikeslenmegi baradaky habarlar barha köpelýär diýip, Reuters habarlar agentliginiň çap eden materialynda aýdylýar
Neýrobiologlar çagalaryň elde hat ýazmaklarynyň peýdalydygyny aýdýarlar
12.02.2026 10:44
1.6k+

Neýrobiologlar çagalaryň elde hat ýazmaklarynyň peýdalydygyny aýdýarlar

Soňky ýyllarda sanly enjamlaryň giňden ýaýramagy sebäpli, köp ýurtlaryň mekdep maksatnamalaryndan harplaryň biri-birine birikdirilip ýazylýan usuly aýrylyp başlapdy. Emma neýrobiologlaryň we bilim hünärmenleriniň Nature žurnalynda neşir edilen pikirlerine görä, el bilen ýazmak ukyby zehin ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir
Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
11.02.2026 13:11
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi
Iki aýlyk bäbekleriň beýnisi çak edilişinden has ösen bolup çykdy
09.02.2026 21:04
6.5k+

Iki aýlyk bäbekleriň beýnisi çak edilişinden has ösen bolup çykdy

Görüp oturylsa, bäbekler eýýäm iki aýlyk wagtlarynda janly we jansyz zatlary biri-birinden tapawutlandyrmagy başarýan ekenler. Munuň şeýledigini beýniniň ösüşiniň we daşky dünýäni işjeň tertipleşdirmegiň öňki çak edilişinden has ir başlanýandygyny görkezýän kognitiw ukyplar baradaky täze barlaglar hem subut edýär diýip, Nature Neuroscience žurnaly habar berýär
Olar aňsat bildirmeýärler: barlaglar gyzlaryň hem autizmden az ejir çekmeýändigini görkezdi
08.02.2026 18:42
3.8k+

Olar aňsat bildirmeýärler: barlaglar gyzlaryň hem autizmden az ejir çekmeýändigini görkezdi

Şwesiýanyň Karolinska institutynyň alymlary tarapyndan geçirilen barlaglar autizm baradaky öňki düşünjeleri düýpgöter üýtgedýär. Täze maglumata görä, gyzlar hem autizm spektriniň bozulmalaryndan oglanlardan az ejir çekmeýärler
Tramp dermanlary arzan tapmaga kömek edýän TrumpRx saýtyny işe girizdi
07.02.2026 15:29
6.2k+

Tramp dermanlary arzan tapmaga kömek edýän TrumpRx saýtyny işe girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp amerikanlara lukmanlaryň görkezmesi boýunça satyn alyp bolýan dermanlary arzan bahadan tapmaga kömek etjek TrumpRx saýtynyň işe girizilendigini habar berdi. TrumpRx — bu dermanlary gönüden-göni satmaýan hökümet web-saýtydyr
BSGG-niň başlygy çagalary goramak üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmesiniň girizilmegini goldady
07.02.2026 07:33
2.9k+

BSGG-niň başlygy çagalary goramak üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmesiniň girizilmegini goldady

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň ýaşlary durmuş ulgamlarynyň «zäherleýji äleminden» goramak baradaky ideýasyny goldady we olarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy
Aşgabatda UNFPA-nyň ýokanç kesellerde göwrelilige gözegçilik boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi
06.02.2026 16:41
2.5k+

Aşgabatda UNFPA-nyň ýokanç kesellerde göwrelilige gözegçilik boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda BMG-niň binasynda inçekeseli bolan aýallarda göwrelilige gözegçilik etmegiň aýratynlyklaryna we ftiziatriýa gullugy bilen hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak meselelerine bagyşlanan üç günlük okuw maslahaty geçirildi
ABŞ-ly hirurglar hassany 48 sagatlap öýkensiz diri saklamagy başardylar
05.02.2026 11:56
5.8k+

ABŞ-ly hirurglar hassany 48 sagatlap öýkensiz diri saklamagy başardylar

Amerikaly hirurglar näsagy iki gije-gündizläp öýkensiz diri saklamagy başardylar. Lukmaçylygyň bu haýran galdyryjy üstünligi barada ScienceAlert ylmy neşirde has içgin gürrüň berilýär. 33 ýaşly erkek adam agyr dümewden soň ölüm bilen ýaşaýyşyň arasynda galýar
Awstraliýada çagalar üçin rak keseliniň garşysyna waksinanyň ilkinji synagy geçiriler
05.02.2026 08:55
2k+

Awstraliýada çagalar üçin rak keseliniň garşysyna waksinanyň ilkinji synagy geçiriler

Awstraliýaly alymlar bejergisi agyr bolan beýin çiş keselinden ejir çekýän çagalara niýetlenen rak keseliniň garşysyna sanjymy synag etmäge taýýarlanýarlar. Şeýle synag dünýäde ilkinji gezek geçirilýär.  Bu barada waksinanyň kliniki däl barlaglary geçirilen Kwinslend ştatynyň uniwersiteti (UQ) mälim etdi diýip, TASS-yň habarlarynda aýdylýar
Mikroblar kosmosda adatdan daşary güýje eýe bolýar
03.02.2026 23:56
3.2k+

Mikroblar kosmosda adatdan daşary güýje eýe bolýar

Halkara kosmos stansiýasyndaky (HKS) mikrograwitasiýa şertlerinde inkubasiýadan geçen bakteriofaglar, peşew ýollarynyň ýokançlyklaryna sebäp bolýan Ýerdäki bakteriýalary ýok etmek ukybyna eýe boldular. Bu baradaky ylmy iş PLOS Biology žurnalynda çap edildi
Infarkt bilen iş gutaranok: ýüregiň bellibir derejede gutulyp bilýänligi anyklanyldy
02.02.2026 18:06
5.9k+

Infarkt bilen iş gutaranok: ýüregiň bellibir derejede gutulyp bilýänligi anyklanyldy

Awstraliýaly alymlar infarktdan soň adamyň ýüreginiň täze ýürek myşsalarynyň öýjüklerini emele getirip bilýändigini ýüze çykardylar. Bu, organyň doly dikelmegi diýmek bolmasa-da, şeýle ýagdaýda ýüregiň diňe çat açmak bilen çäklenmeýändigi baradaky möhüm hem teselli beriji täzelikdir
Ýapon alymlary Nipah wirusyna garşy sanjym döretdi: ol aprelde adamlarda synag ediler
02.02.2026 15:57
3.6k+

Ýapon alymlary Nipah wirusyna garşy sanjym döretdi: ol aprelde adamlarda synag ediler

Tokio uniwersitetiniň Ösen ylym we tehnologiýa gözleg merkeziniň hünärmenleri Nipah wirusyna garşy sanjym işläp taýýarlady. Nikkei gazetiniň habar bermegine görä, aprel aýynda sanjymyň adamlardaky synagynyň birinji tapgyry başlanar
BSGG mekdep iýmiti boýunça maslahatlary hödürledi
02.02.2026 02:24
2.5k+

BSGG mekdep iýmiti boýunça maslahatlary hödürledi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) okuw edaralarynda sagdyn we kadaly iýmitlenişi üpjün etmek boýunça ilkinji gezek ählumumy maslahatlary hödürledi. Gollanma bolup hyzmat edýän täze ýörelgeler çagalarda peýdaly iýmitleniş endiklerini kemala getirmäge we keselleriň öňüni almaga gönükdirilendir
Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi
30.01.2026 11:41
9.8k+

Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär
Parkinson keselini bejermek üçin emeli aň tarapyndan döredilen derman adamlarda synagdan geçiriler
26.01.2026 17:34
2.8k+

Parkinson keselini bejermek üçin emeli aň tarapyndan döredilen derman adamlarda synagdan geçiriler

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine sanitar gözegçilik gullugy (FDA) emeli aňyň kömegi bilen işlenip düzülen ISM8969 atly dermany kliniki synaglardan geçirmäge rugsat berdi. Bu çözgüt çiş we neýrodegeneratiw kesellerini bejermekde täze ädim bolup, indi dermany adamlarda barlap görmäge mümkinçilik berýär
Mýunhende Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goşant goşan nemes lukmanlar sylaglandy
26.01.2026 12:25
4k+

Mýunhende Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goşant goşan nemes lukmanlar sylaglandy

Mýunhende germaniýaly lukmanlaryň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ol şäheriň taryhy «Baýrişer Hof» otelinde boldy. Bu çäre ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy
Sarygaýnama garşy dermanlaryň rak töwekgelçiligini artdyrýanlygy baradaky çaklamalar inkär edildi
26.01.2026 03:45
5.6k+

Sarygaýnama garşy dermanlaryň rak töwekgelçiligini artdyrýanlygy baradaky çaklamalar inkär edildi

Demirgazyk Ýewropanyň iri uniwersitetleriniň barlagçylar topary sarygaýnamany bejermek we aşgazan kislotasyny azaltmak üçin giňden ulanylýan proton pompasynyň ingibitorlarynyň (PPI) howpsuzlygyna bagyşlanan uly göwrümli ylmy işiň netijelerini hödürlediler
"Altyn aralygy" tapmaly: sosial mediadan doly ýüz öwürmek ýetginjekler üçin zyýanly bolup biler
21.01.2026 23:49
3.2k+

"Altyn aralygy" tapmaly: sosial mediadan doly ýüz öwürmek ýetginjekler üçin zyýanly bolup biler

JAMA Pediatrics žurnalynda çap edilen täze gözlegde sosial media ortaça kadada ulanmagyň ýetginjekler üçin has peýdalydygy anyklandy. Bu endigi aşa köp ulanmak ýa-da doly saklanmak olaryň psihologiýa rahatlygynyň peselmegine getirip biler
Lukmanlar bir ýyl ömür berdi, ol bolsa 40 ýyl ýaşady: öýkeniň rak keseli bolan gojanyň täsin wakasy
21.01.2026 11:57
18k+

Lukmanlar bir ýyl ömür berdi, ol bolsa 40 ýyl ýaşady: öýkeniň rak keseli bolan gojanyň täsin wakasy

Gresiýaly Stamatis Moraitis ABŞ-dan öz dogduk mekany bolan Ikariýa adasyna gaýdyp gelenden soň, öýkeniň rak keseliniň ahyrky derejesi bilen ýene 40 ýyl töweregi ýaşady. Onuň täsin hekaýatyny Daily Express gürrüň berýär
Alymlar parasetamolyň çagalarda autizm töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygy baradaky pikirleri ret etdiler
21.01.2026 10:44
7.9k+

Alymlar parasetamolyň çagalarda autizm töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygy baradaky pikirleri ret etdiler

Halkara lukmanlar topary parasetamolyň çaganyň nerw ulgamynyň ösüşine täsiri baradaky ähli esasy kliniki barlaglary seljerdi. Ylmy gözleg bu derman serişdesini kabul etmegiň autizm, üns ýetmezçiliginiň bozulmasy (ADHD) ýa-da akyl taýdan ösüşde yza galmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyna hiç hili subutnama tapmady
Alymlar ýokary gan basyşy beýni sütüniniň işleýşi bilen baglanyşdyrýarlar
18.01.2026 19:37
4.5k+

Alymlar ýokary gan basyşy beýni sütüniniň işleýşi bilen baglanyşdyrýarlar

Alymlar beýni sütüniniň bir böleginiň ýokary gan basyşa we gipertoniýanyň güýçlenmegine täsir edip biljekdigini anykladylar. Munda gürrüň bedendäki awtomatik proseslere jogapkär bolan nerw toplumynyň lateral parafasial sebiti (LPA) hakynda barýar diýip, Daily Mail habar berýär
AstraZeneca rak keselini bejermekde emeli aňy ulanmak üçin täze startap satyn alýar
18.01.2026 11:41
2.6k+

AstraZeneca rak keselini bejermekde emeli aňy ulanmak üçin täze startap satyn alýar

Britaniýa-şwed derman senagaty ägirdi bolan AstraZeneca, emeli aň (EA) ulgamynda işleýän Amerikanyň Modella AI startapyny satyn alýandygyny yglan etdi. Bu ylalaşyk rak keselini bejermek üçin niýetlenen dermanlaryň döredilme döwrüni gysgaltmaga gönükdirilendir
Bir gijelik uky esasynda 130 keseli anyklamak mümkin
17.01.2026 14:58
7.5k+

Bir gijelik uky esasynda 130 keseli anyklamak mümkin

Täze barlaglar uky derňewiniň horlama ýa-da demikme ýüze çykmasyndan has köp maglumat berip biljekdigini görkezdi. Nature Medicine žurnalynda çap edilen giň möçberli gözleg, uky laboratoriýasynda uklanyp geçirilen bir gijäniň köp sanly agyr keselleriň döremek howpuny olaryň ýüze çykmagyndan birnäçe ýyl öň kesgitläp biljekdigini subut etdi
Google derňewlerden soň gözleg ulgamyndan saglyk üçin howply EA jogaplaryny aýyrdy
14.01.2026 11:06
2k+

Google derňewlerden soň gözleg ulgamyndan saglyk üçin howply EA jogaplaryny aýyrdy

Google kompaniýasy The Guardian tarapyndan barlanylandan soň, emeli aň tarapyndan döredilýän gysgaça jogaplaryň (AI Overviews) bir bölegini aýyrdy. Žurnalistler bu jogaplaryň lukmançylyk maglumatlarynda ýalňyşlyklary saklaýandygyny anyklady
Çuwaşiýaly hirurglar galkan şekilli mäziň çişini aýyrmagyň täze we howpsuz usulyny işläp düzdüler
11.01.2026 12:28
3.4k+

Çuwaşiýaly hirurglar galkan şekilli mäziň çişini aýyrmagyň täze we howpsuz usulyny işläp düzdüler

I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň (ÇDU) hünärmenleri galkan şekilli mäziň zyýansyz çişlerini (kista) aýyrmagyň kämilleşdirilen usulyny oýlap tapdylar we patentlediler. Bu täze usul operasiýa wagtynda ses nerwlerine we galkan şekilli mäziň ýanyndaky ownuk mäzlere zeper ýetme howpuny iň pes derejä düşürýär
ChatGPT-de saglyk baradaky soraglar üçin aýratyn bölüm peýda boldy
10.01.2026 18:29
1.5k+

ChatGPT-de saglyk baradaky soraglar üçin aýratyn bölüm peýda boldy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de täze funksiýany – saglyk bilen baglanyşykly soraglar üçin ChatGPT Health ady bilen aýratyn bölümi hödürledi. Bu režimde ulanyjylar has şahsylaşdyrylan jogaplary almak üçin lukmançylyk ýazgylaryny we bedeniň ýagdaýyna gözegçilik ediji programmalary birikdirip bilýär
Her gün 40 mln adam ChatGPT-ä saglyk baradaky soraglar bilen ýüz tutýar
10.01.2026 11:15
2.4k+

Her gün 40 mln adam ChatGPT-ä saglyk baradaky soraglar bilen ýüz tutýar

Her gün dünýäde 40 milliondan gowrak adam saglyk barada maglumat almak üçin ChatGPT-ni ulanýar. OpenAI-iň hasabatyna görä, çat-botda ähli habarlaryň 5%-den gowragy lukmançylyk temasy bilen baglanyşykly diýip, Axios neşiri habar berýär
Britaniýada çaga semizligi sebäpli fastfudyň mahabatyna gadaganlyk güýje girdi
07.01.2026 10:53
3.5k+

Britaniýada çaga semizligi sebäpli fastfudyň mahabatyna gadaganlyk güýje girdi

Beýik Britaniýada 21:00-a çenli fastfudyň telewizion mahabatyna resmi gadaganlyk we onuň internetde ýerleşdirilmegine doly gadaganlyk hereket edip başlady. Bu çäreler ýurtda çaga semizligine garşy göreşe gönükdirilýär diýip, The Guardian habar berýär
Kümüş nanobölejikleri 2-nji görnüşli süýji keselini bejermekde dermanlardan has täsirli bolup çykdy
04.01.2026 22:24
5k+

Kümüş nanobölejikleri 2-nji görnüşli süýji keselini bejermekde dermanlardan has täsirli bolup çykdy

Tomsk politehniki uniwersitetiniň (TPU) alymlary kümüş nanobölejikleriniň süýji keseline garşy (antidiabetik) häsiýetlere eýedigini anykladylar. TASS agentliginiň TPU-nyň metbugat gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, olar häzirki wagtda giňden ulanylýan dermanlardan 167 esse az dozada şol bir täsiri görkezýärler
Nýu-Ýork TikTok-y we Instagram-y psihiki saglyk üçin zyýany barada ulanyjylara duýdurmaga borçlandyrdy
01.01.2026 18:42
8k+

Nýu-Ýork TikTok-y we Instagram-y psihiki saglyk üçin zyýany barada ulanyjylara duýdurmaga borçlandyrdy

Nýu-Ýork ştaty birnäçe sosial ulgamlary ulanyjylara olary ulanmagyň psihiki saglyk üçin zyýanly bolup biljekdigi barada duýdurmaga borçlandyrýan kanuny kabul etdi. Resminama onlaýn-platformalara gözegçiligi güýçlendirmek boýunça has giň halkara tendensiýasynyň bir bölegi boldy
Çiş görkezijisi infarkty çaklamakda holesterinden has takyk netije berdi
31.12.2025 08:44
4.5k+

Çiş görkezijisi infarkty çaklamakda holesterinden has takyk netije berdi

Ganyň düzümindäki S-reaktiw belogynyň (SRB) derejesi infarktyň we insultuň ýüze çykmagyny adaty holesterin görkezijilerinden has takyk çaklamaga mümkinçilik berýär. Bu belogyň görkezýän dowamly çişme ýagdaýy aterosklerozyň ähli tapgyrlarynda esasy orun eýeleýär
Türkmenistanda pudagara maslahatda «Bitewi saglyk» çemeleşmesiniň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy
22.12.2025 00:06
3.1k+

Türkmenistanda pudagara maslahatda «Bitewi saglyk» çemeleşmesiniň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

19-njy dekabrda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) goldawy bilen, Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiň 4-nji mejlisi geçirildi
Russiýanyň Gamaleýa merkezi rak keseline garşy mRNK-sanjymynyň ilkinji synag tapgyryny çykardy
16.12.2025 19:27
5.6k+

Russiýanyň Gamaleýa merkezi rak keseline garşy mRNK-sanjymynyň ilkinji synag tapgyryny çykardy

Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýa we Mikrobiologiýa ylmy-derňew merkezine degişli bolan mRNK-preparatlary öndürýän fabrika onkologiýa kesellerine garşy göreşmek üçin niýetlenen sanjymyň ilkinji üç synag tapgyryny üstünlikli çykardy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.