Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) Ebola keseliniň seýrek duş gelýän Bundibugio wirusyna garşy täze bejergi usullarynyň kliniki barlaglaryna başlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, bu synaglar Kongo Demokratik Respublikasynda (KDR) alnyp barylýar.
Häzirki güne çenli Bundibugio wirusyna garşy tassyklanan hiç hili sanjym ýa-da ýörite usul ýokdy. Synagyň çäklerinde wirus ýokaşan näsaglara goldaw beriji bejergi bilen bir hatarda, ozal COVID-19-da ulanylan remdesiwir wirusyna garşy antitellerden ybarat synag kokteýli berlip başlandy.
Eger häzirki epidemiýa gutarnykly netijeler alynmazdan öň tamamlansa, barlaglary geljekki epidemiýa ojaklarynda dowam etdirmek meýilleşdirilýär.
Bu gezekki gyzzyrma keseliniň ýaýramagy, agzalýan wirusyň taryhyndaky iň uly epidemiýa diýlip ykrar edildi. Ýokanç kesel KDR-iň we goňşy Ugandanyň 1600-e golaý ýaşaýjysyna täsir etdi we 500-den gowrak adamyň ömür tanapyny kesdi.
KDR-iň Milli jemgyýetçilik saglygy goraýyş instituty keseliň ýaýramagyna garşy göreşiň kynlaşmagyna ýerli ýaşaýjylaryň özüni alyp barşynyň sebäp bolýandygyny mälim edýär. Lukmançylyk toparlary we hassahanalar ilat tarapyndan yzygiderli ýagdaýda zorlukly hem zyýan beriji hereketlere sezewar bolýarlar. Mysal üçin, Demirgazyk Kiwu welaýatynda ýerli ýaşaýjylar ýokanç keseliň öňüni alyş toparynyň ulagyny daşladylar, ondan öň bolsa birnäçe lukmançylyk merkezini otladylar.