Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

30.05.2026, 19:285,549

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi.

Häzirki wagtda dünýäde hantawirusa garşy ýöriteleşdirilen anyk bir bejergi ýokdur. Ýewropanyň derman serişdeleri boýunça agentligi «Fawipirawir» dermanyny kliniki synaglaryň çäginde ulanmak üçin iň amatly derman hökmünde kesgitledi.

Ýaponiýanyň Fujifilm Pharmaceuticals kompaniýasy mundan öň Fransiýanyň, Ispaniýanyň we Niderlandlaryň öň eden haýyşlaryna esaslanyp, bu dermanyň 1400 tabletkasyny kömek hökmünde gowşurdy.

Ýewropa Bileleşigi hem ýakyn günlerde täze kesellän adamlaryň tapylmak ähtimallygy zerarly dermanyň goşmaça gorlaryny döretmek üçin gyssagly satyn alyş işlerine başlaýar.

Ýatlatma: 10-njy maýda Tenerife portuna hantawirus epidemiýasy hasaba alnan bir syýahatçylyk gämisi gelipdi. Soňra bolsa şol «MV Hondius» gämisinden ewakuasiýa edilen Fransiýanyň raýatlarynyň birinde ady agzalan keseliň alamatlary anyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.