Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) täze hasabatyna görä, häzirki wagtda dünýäde her ýyl düwnük keseli bilen kesellemegiň, takmynan, 20,6 million täze ýagdaýy ýüze çykarylýar we 10 milliona golaý adam bu dert sebäpli aradan çykýar.
BSGG gyssagly we netijeli çäreler görülmese, 2050-nji ýyla çenli täze ýüze çykaryljak ýagdaýlaryň sanynyň tas 70% artyp, 35 milliona ýetip biljekdigini duýdurýar.
Guramanyň hünärmenleriniň bellemegine görä, dünýä ýüzünde hassalaryň derman serişdelerine elýeterliliginde uly deňsizlik bar. Gurply döwletlerde BSGG tarapyndan tassyklanan dermanlaryň elýeterliligi 68–94% bolup, näsaglaryň 85%-i diagnoz goýlandan soň azyndan ýene bäş ýyl ýaşap bilýär. Garyp ýurtlarda bolsa derman üpjünçiligi örän pes (9–54%) bolmagynda galýar we kesellileriň arasynda bäş ýyl ýaşap biljekleriň paýy 30%-den hem az. Dünýäniň 23 ýurdunda bolsa şöhle bejergisi üçin zerur bolan enjamlar asla ýok.
Şonuň üçin, guramanyň duýdurmagyna görä, ýaşaýşynyň dowamynda her bäş adamdan birinde bu kesel ýüze çykyp biler we ol adamlaryň 92%-ine — ýa göni, ýa-da maşgala agzalarynyň üsti bilen täsir eder.
Sebitler boýunça seredilende, Aziýa keselleýänleriň we bu keselden ýogalýanlaryň sany boýunça öňde barýar — dünýädäki ähli ýagdaýlaryň we ölümleriň ýarysyndan gowragy hut şu sebitiň paýyna düşýär. Ýewropada bolsa dünýä ilatynyň diňe 9%-i ýaşaýan hem bolsa, umumy rak ýagdaýlarynyň 21%-i (4 million adam) şol ýerde hasaba alynýar.
BSGG-niň hünärmenleri onkologik keselleriň ösmegine täsir edýän esasy faktorlary şeýle görkezýär:
- Çilim çekmek — 15%
- Ýokanç keseller — 15%
- Alkogol içgiler — 3%
- Semizlik — 2%
Statistika görä, erkek adamlar, esasan, öýkeniň düwnük keseli sebäpli ýogalýan (23,1%) bolsa, aýallaryň arasynda göwüs ragy (16,3%) birinji orunda durýar.