Antarktidada melanomany bejermäge ukyply jandarlar tapyldy

Şu gün, 05:441,245

Günorta Floridanyň uniwersitetiniň barlagçylary Antarktidada ýaşaýan deňiz jandarlary tarapyndan öndürilýän toksinleriň deriniň düwnük keseliniň iň howply görnüşi bolan melanomany bejermek üçin derman serişdesini işläp düzmekde esas bolup biljekdigini habar berdiler. Bu barada «The Guardian» gazeti ýazýar.

Alty hepdelik ekspedisiýanyň dowamynda alymlar sowuk arktika suwlarynda ýaşaýan deňiz oňurgasyzlary bolan asidiýalaryň nusgalaryny ýygnadylar. Professor Bill Beýkeriň sözlerine görä, bu jandarlar ýyrtyjylardan goranmak üçin toksinleri öndürýärler, barlaghana barlaglary bolsa bu maddalaryň melanoma öýjüklerini ýok etmäge ukyplydygyny görkezdi.
Syçanlarda geçirilen tejribeler toksinleriň haýwanlaryň ölümine getirmän, düwnük öýjüklerini ýok edendigini görkezdi.

«Gowy täzelik şundan ybarat: syçanlar ölenoklar. Toksinler olaryň düwnük keselini ýok etdi, şonuň üçin biz olaryň derman hökmünde hereket etjek fiziologik häsiýetlere eýedigini bilýäris. Syçanlaryň üstünde has uly göwrümli barlaglary geçirmek, belki-de beýleki haýwanlara geçmek üçin bize maddanyň birnäçe gramy gerek. Eger biz onuň howpsuzlygyny subut edip bilsek, onda adamlarda synaglara başlap bileris» diýip, professor Beýker aýtdy.

Ol täze derman serişdesini döretmegiň uzak möhletli barlaglary we kliniki synaglaryň ähli tapgyrlaryndan geçmegi talap etjekdigini belledi. Şeýle hem ol Antarktidada asidiýalaryň zerur bolan möçberini ýygnamagyň mümkin däldigini, şonuň üçin alymlaryň barlaghana şertlerinde olaryň toksinini almagyň usullaryny işläp düzmegi meýilleşdirýändigini nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.