Barlag: Ene süýdi bilen iýmitlendirmek çagalarda üns ýetmezçiligini we giperaktiwligi peseldýär

Şu gün, 18:312,639

Ömrüniň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilen çagalarda Üns ýetmezçiligi we giperaktiwlik sindromynyň alamatlary has seýrek ýüze çykýar. Şeýle netijä Norwegiýanyň Bergen uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglary sebäp boldy.

Hünärmenler 1999–2009-njy ýyllar aralygynda Norwegiýada dünýä inen 37 müňden gowrak çaganyň maglumatlaryny seljerdiler. Olar ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň dowamlylygyny çagalaryň üç, bäş we sekiz ýaşyndaky wagtynda geçirilen synaglaryň netijeleri bilen deňeşdirdiler.

Barlaglar ene süýdüniň çagada ÜÝGS-nyň alamatlaryny peseldýändigini görkezdi. Bu ýagdaý aýratyn-da ilkinji alty aýynda sap ene süýdi berlen çagalarda has aýdyň ýüze çykdy. Özi-de bu baglanyşyk gyz çagalarda has güýçli duýuldy.

– Çaga ilkinji alty aýynda ene süýdi bilen naçe uzak iýmitlendirilse, onuň üç, bäş we sekiz ýaşyndaky döwründe degişli sindromyň alamatlarynyň derejesi şonça-da pes boldy – diýip, Bergen uniwersitetiniň Biomedisina kafedrasynyň barlagçysy, psihiatr Berit Skretting Solberg belleýär.

Alymlaryň aýtmagyna görä, ÜÝGS-nyň ýüze çykmagyna nesil yzarlamak hem-de daşky gurşaw şertleri täsir edýär. Ene süýdüniň bu peýdaly täsirini alymlar onuň düzümindäki immun komponentleri, iýmitlik we çaganyň beýnisiniň irki ösüşine ýardam edýän ýokumly biologik işjeň maddalar bilen baglanyşdyrýarlar.

Emma şeýle peýdaly taraplaryna garamazdan, köp zenanlar dürli sebäplere görä çagalaryna maslahat berilýän möhletde ene süýdüni berip bilmeýärler ýa-da umuman şeýle etmekden saklanýarlar. Barlaga gatnaşan eneleriň çagalaryny doly ene süýdi bilen iýmitlendirmeginiň ortaça möhleti dört aýdan hem az bolupdyr. Elbetde, muny şertlendirýän sebäpler gaty köp: käbir eneleriň saglyk ýagdaýy bökdençlik döretse, käbiri bolsa iş tertibi we jemgyýetçilik goldawynyň ýetmezçiligi sebäpli emdirmegi möhletinden öň bes etmeli bolýarlar.

Ýatlap geçsek, häzirki wagtda Türkmenistanda eneleriň çagalaryny diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmeklerini goldamaga gönükdirilen ýörite çäreler dowam edýär. Bu çäräniň guramaçylary bolup Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çykyş edýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.