Ynsanpisint robotlar taryhda ilkinji gezek hirurgiýa operasiýasyny geçirdiler

Düýn, 17:461,356

Lukmançylyk tejribesinde ilkinji gezek uzakdan dolandyrylýan ynsanpisint (gumanoid) robotlaryň kömegi bilen iki sany hirurgiýa operasiýasyny üstünlikli amala aşyryldy.

Täze usulyň netijeliligini subut etmek üçin geçirilen klinika çenli synaglaryň dowamynda, primat bolmadyk iri göwreli süýdemdirijileriň öt haltasy aýryldy.

Birinji ýagdaýda operasiýany bir ynsanpisint robot we oňa kömek edýän adam ýerine ýetiren bolsa, ikinji ýagdaýda bolsa diňe iki robot işleşdi.

Robotlaşdyrylan hirurgiýa lukmançylykda eýýäm ep-esli wagtdan bäri ulanylyp gelinýär, emma häzirki wagtda bar bolan ulgamlaryň çynlakaý çäklendirmeleri bar. Popular Science neşiriniň bellemegine görä, standart köp elli ulgamlar köplenç agramy 800 kg-dan geçýän ägirt uly gurnamalardan ybarat bolýar. Olary gurnamak üçin ýörite taýýarlanylan operasiýa otaglary we tutuş tehnik topar talap edilýär, üstesine-de şeýle enjamlar adatça diňe bir sany anyk operasiýa görnüşi üçin niýetlenendir.

Olaryň ýanynda täze ynsanpisint robotlar has amatly görünýär. Boýlary takmynan 1,5 metr bolan bu robotlaryň agramy bary-ýogy 27 kg-dyr. Bu enjamlar çeýeligi, işjeňligi, aňsat sazlanmasy we bahasynyň has arzandygy bilen hem tapawutlanýar. Geljekde şeýle «hirurglaryň» ýörite taýýarlanylan toparlary lukmançylyk işgärleriniň ýetmezçilik edýän sebitlerinde işläp bilerler.

San-Diýegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň inženeri Maýkl Ýip bu üstünligiň ähmiýetini düşündirip:

– Uzakdan dolandyrylýan we awtonom işleýän ynsanpisint robotlar, näsaglar üçin gymmat bolan örän möhüm hirurgiýa operasiýalaryň elýeterliligini giňeltmekde hakyky giň mümkinçilige eýedir. Bu diňe bir Amerikada däl, eýsem bütin dünýäde saglygy goraýyş meselelerini çözmäge kömek edip biler – diýdi:

Hirurglar şeýle robotlaryň maliýe taýdan amatlydygy we ykjamdygy sebäpli olary iň dürli şertlerde – çetki oba hassahanalaryndan we söweş meýdançalaryndan başlap, tä kosmos stansiýalaryna çenli gyssagly suratda işe girizip boljakdygyny aýratyn belleýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.