Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady
05.05.2025 15:19
5.6k+

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady
Kasper Ruud “Masters” ýaryşynda ilkinji titulyny gazandy
05.05.2025 14:57
2.1k+

Kasper Ruud “Masters” ýaryşynda ilkinji titulyny gazandy

Norwegiýaly tennisçi Kasper Ruud karýerasynda ilkinji gezek “Masters 1000” ýaryşynda ýeňiji boldy. 4-nji maýda Madridde geçirilen ýaryşyň finalynda ol britaniýaly Jek Dreýperi 7:5, 3:6, 6:4 hasabynda utdy. Oýun 2 sagat 29 minut dowam etdi
Oskar Piastri Maýaminiň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Norris – ikinji, Rassell – üçünji
05.05.2025 12:13
1.5k+

Oskar Piastri Maýaminiň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Norris – ikinji, Rassell – üçünji

“Maklaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri 2025-nji ýyl möwsüminiň “Formula-1” çempionatynyň altynjy tapgyry bolan Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ikinji orny onuň britaniýaly topardaşy Lando Norris eýeledi
Amerikaly suwda ýüzüji 100 m aralykda bir günde iki gezek dünýä rekordyny täzeledi
05.05.2025 10:37
3.5k+

Amerikaly suwda ýüzüji 100 m aralykda bir günde iki gezek dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Grethen Uolş 100 metr aralyga batterflýaý usulynda ýüzmekde bir günde iki gezek dünýä rekordyny goýdy. Ol Fort-Loderdeýlde (ABŞ-nyň Florida taty) geçirilen ýaryşda deslapky ýüzüşde 55,09 sekunt netijäni görkezdi
Mýunheniň “Bawariýasy” 34-nji gezek Bundesliganyň ýeňijisi boldy
05.05.2025 10:32
5k+

Mýunheniň “Bawariýasy” 34-nji gezek Bundesliganyň ýeňijisi boldy

Mýunheniň “Bawariýasy” möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda 2024/25 möwsüminiň futbol boýunça Germaniýanyň çempionatynda öz ýeňşini üpjün etdi. Bu Lewerkuzeniň “Baýeri” 32-nji tapgyrda “Fraýburg” bilen deňme-deň – 2:2 hasabynda oýnandan soň belli boldy
Boksçy Saul Alwares absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy
05.05.2025 07:44
5.4k+

Boksçy Saul Alwares absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy

Meksikaly boksçy Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy. Ol Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen 12 raundlyk söweşde kubaly Uilýam Skulldan emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen üstün çykdy
“Al-Ahli” taryhda ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy
05.05.2025 07:41
10k+

“Al-Ahli” taryhda ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

“Al-Ahli” saud futbol kluby öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Jiddada (Saud Arabystany) geçirilen final oýnunda topar Ýaponiýanyň “Kawasaki Frontale” klubuny 2:0 hasabynda utdy
“Barselona” ýarym sagadyň içinde Trewis Skott logotipli futbolkalarynyň 1,58 million ýewrolygyny satdy
04.05.2025 02:30
12k+

“Barselona” ýarym sagadyň içinde Trewis Skott logotipli futbolkalarynyň 1,58 million ýewrolygyny satdy

“Barselona” futbol kluby Trewis Skottyň brendi bolan Cactus Jack logotipli çäkli sanda çykarylan futbolkalaryny satmak bilen 1,58 million ýewro töweregi girdeji gazandy. Kolleksiýa Madridiň “Realy” bilen boljak oýundan öň artist bilen bilelikde çykaryldy we irden satuwa goýberildi
Dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogynda bürünç medal gazandy
02.05.2025 16:38
8.6k+

Dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogynda bürünç medal gazandy

Türkmenistandan 16 ýaşly dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda (Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025) bürünç medal gazandy. Berlinde geçirilen ýaryşa 70 kilograma çenli agram derejesinde 16 ýurtdan 39 türgen gatnaşdy
Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary 3 iňlis klubunyň ýeňşi bilen tamamlandy
02.05.2025 12:59
8.7k+

Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary 3 iňlis klubunyň ýeňşi bilen tamamlandy

2-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary geçirildi. Ýewropa ligasynda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” kluby myhmançylykda Ispaniýanyň “Atletik” toparyny utdy
Ronaldunyň topary “Al-Nasr” AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp bilmedi
01.05.2025 13:29
11k+

Ronaldunyň topary “Al-Nasr” AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp bilmedi

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň finalynda “Kawasaki Frontale” ýapon topary Saud-Arabystanyndan “Al-Ahli” bilen duşuşar. 30-njy aprelde geçen ýarym final oýnunda “Kawasaki” Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan “Al-Nasr” toparyny utdy
«Barselona» we «Inter» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji oýnunda 3:3 oýnady
01.05.2025 12:09
10k+

«Barselona» we «Inter» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji oýnunda 3:3 oýnady

Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýnunda «Barselona» öz meýdançasynda Milanyň «Interi» bilen 3:3 hasap bilen deňme-deň oýnady. Duşuşygyň geçirilmegi Ispaniýada ýurt möçberinde giň gerimli tok öçüşlik sebäpli sorag astynda boldy
2-nji maýda Adidas 3D printerde çap edilen Climacool krossowkalaryny satuwa çykarar
30.04.2025 12:32
6.6k+

2-nji maýda Adidas 3D printerde çap edilen Climacool krossowkalaryny satuwa çykarar

Adidas özüni hemişe täze tehnologiýalar we adaty bolmadyk çözgütler üçin açyk kompaniýa hökmünde görkezýär. Onuň Climacool krossowkalary hem munuň gönüden-göni subutnamasy boldy. Olar brendiň 3D printerde çap edilen ilkinji krossowkalarydyr
“PSŽ” Çempionlar ligasynyň birinji 1/2 final oýnunda “Arsenaly” utdy
30.04.2025 09:45
8.1k+

“PSŽ” Çempionlar ligasynyň birinji 1/2 final oýnunda “Arsenaly” utdy

Londondaky “Emireýts” stadionynda 2024/2025 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen “PSŽ-niň” arasyndaky birinji ýarym final oýny boldy. Duşuşyk fransuz klubunyň 1:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy
Efiopiýaly Tigist Assefa London marafonynda täze dünýä rekordy bilen ýeňiji boldy
29.04.2025 19:07
6.5k+

Efiopiýaly Tigist Assefa London marafonynda täze dünýä rekordy bilen ýeňiji boldy

Olimpiada-2024-üň kümüş medalynyň eýesi, efiopiýaly ýeňil atletikaçy Tigist Assefa London marafony – 2025-iň ýeňijisi boldy. Ol 2:15.50,0 netijäni görkezip, zenanlaryň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy. Öňki rekord Peres Jepçirçire (2:16
Kiokuşinkaý karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Ermenistandaky halkara ýaryşa taýýarlyk görýär
28.04.2025 13:44
7.3k+

Kiokuşinkaý karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Ermenistandaky halkara ýaryşa taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça ýygyndy topary 2025-nji ýylyň 10–11-nji maýynda Ermenistanyň Gümri şäherinde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşmaga işjeň taýýarlyk görýär. Toparyň düzümine 10 türgen girdi - Meýlis Paşakuliýew, Daýanç Gylyçdurdyýew, Daýanç Hojamyradow, Süleýman Sähedow, Myrat Ekäýew, Lala Abdullaýewa, Myrat Altymuhammedow, Şyhnazar Şirzadow, Döwletýar Allowow we Aýymjan Sulta­nowa
«Liwerpul» 20-nji gezek Premýer-liganyň çempiony bolup, "ManÝunaýtediň" rekordyny gaýtalady
28.04.2025 10:38
9.3k+

«Liwerpul» 20-nji gezek Premýer-liganyň çempiony bolup, "ManÝunaýtediň" rekordyny gaýtalady

«Liwerpul» futbol kluby taryhynda 20-nji gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempiony boldy. Klub ýekşenbe güni geçirilen oýunda «Tottenhemi» 5:1 hasabynda ýeňip, möhletinden öň çempionlygyny gazandy. Bu «Liwerpul» üçin 2020-nji ýyldan bäri Premýer-ligadaky ilkinji çempionlyk boldy
“Barselona” goşmaça wagtda “Realy” utup, 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy
27.04.2025 11:42
15k+

“Barselona” goşmaça wagtda “Realy” utup, 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy

“Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda Madridiň “Realyny” goşmaça wagtda 3:2 hasabynda utdy. Oýunda birinji bolup hasaby “Barselona” açdy – 28-nji minutda Pedri gol geçirdi. “Real” 70-nji minutda Kilian Mbappeniň jerime urgusynyň netijesinde hasaby deňledi, ýene 7 minutdan Orelýen Tçuameni madridlileri öňe çykardy
Dewid Bekhem futbol we beýleki temalar barada öz gepleşigini açýar
25.04.2025 22:25
5k+

Dewid Bekhem futbol we beýleki temalar barada öz gepleşigini açýar

Dewid Bekhem Beckham & Friends Live ady bilen öz şüweleň gepleşigini başladýar. Bu barada ol öz sosial ulgamlarynda habar berdi. Onuň ilkinji sany maý aýynda çykar. 49 ýaşly öňki futbolçy alypbaryjy hökmünde çykyş eder
UEFA indiki möwsümden Çempionlar ligasynda goşmaça wagty aýyrmagy maslahatlaşýar
25.04.2025 16:28
8.7k+

UEFA indiki möwsümden Çempionlar ligasynda goşmaça wagty aýyrmagy maslahatlaşýar

UEFA täze möwsümden Çempionlar ligasynyň düzgünlerini üýtgetmek mümkinçiligini öwrenýär. Bild-iň maglumatlaryna görä, gurama täze düzgünleri girizmek barada klublar bilen pikir alyşýar. Teklipleriň biri – pleý-off oýunlarynda goşmaça wagty aýyrmak
“Realyň” oýunçysy Winisiusa futboldan iki ýyl çetleşdirilmek howpy abanýar
25.04.2025 15:14
17k+

“Realyň” oýunçysy Winisiusa futboldan iki ýyl çetleşdirilmek howpy abanýar

“Realyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Winisius Žuniora futboldan iki ýyl çetleşdirilmek  howpy abanýar. Tuttosport-yň we italýan žurnalisti Žanluka di Marsionyň berýän maglumatyna görä, FIFA futbolçynyň birnäçe futbol klublarynyň eýesi bolmak bilen guramanyň ahlak kadalaryny bozýan bolmagynyň mümkindigi bilen bagly iş geçirýär
Aşgabatda milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş tamamlandy
25.04.2025 12:09
12k+

Aşgabatda milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş tamamlandy

24-nji aprelde Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy. Ýaryşa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşdy
Ähli döwürleriň iň köp hak alýan türgenleriniň sanawy düzüldi. Ilkinji 50-likde ýekeje zenan bar
25.04.2025 10:35
7.8k+

Ähli döwürleriň iň köp hak alýan türgenleriniň sanawy düzüldi. Ilkinji 50-likde ýekeje zenan bar

Sportico neşiri ähli döwürleriň we halklaryň maliýe taýdan iň üstünlikli 50 türgeniniň sanawyny çap etdi. Sanawda amerikaly basketbolçy Maýkl Jordan birinji orny eýeledi. Neşiriň habar bermegine görä, Jordan karýerasynda hümmetsizlenmäni hasaba almak bilen, takmynan, 4,15 milliard dollar gazandy
Azerbaýjanda geljekki GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň tumarlary saýlandy
24.04.2025 23:24
3.3k+

Azerbaýjanda geljekki GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň tumarlary saýlandy

Azerbaýjanda geçiriljek GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň guramaçylyk komiteti geljekki ýaryşyň tumarlaryny saýlady. Olar alajaplaňlar (leopard) Babir we Leýla boldy diýip, guramaçylyk komitetine salgylanyp, BELTA habar berýär
“Barselona” baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany uzaltdy
24.04.2025 17:49
6.5k+

“Barselona” baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany uzaltdy

Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany ýene bir möwsüm uzaltmak barada ylalaşdy. Bu barada Marca neşiri habar berýär. Taraplar ýakynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň şertleri barada ylalaşdy
Türkmen türgenleri milli göreş boýunça halkara ýaryşyň birinji gününde jemi 14 medal gazandylar
24.04.2025 16:11
10k+

Türkmen türgenleri milli göreş boýunça halkara ýaryşyň birinji gününde jemi 14 medal gazandylar

23-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda  sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş badalga aldy. Ýaryşa Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Belarusdan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan türgenler gatnaşýarlar
Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçirilýär
23.04.2025 11:45
4.4k+

Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçirilýär

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçirilýär. "Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga
Nadal Laureus tarapyndan “Sport ikonasy” adyny alan ikinji türgen boldy
23.04.2025 00:08
3.3k+

Nadal Laureus tarapyndan “Sport ikonasy” adyny alan ikinji türgen boldy

Ispaniýaly tennisçi, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisi we dünýäniň öňki birinji raketkasy Rafael Nadal Laureus World Sports Awards 2025 dabarasynda “Sport ikonasy” nominasiýasy boýunça baýrak aldy. Ol bu ada mynasyp bolan taryhda ikinji türgen boldy
Madridiň “Realy” Laureus tarapyndan ýylyň topary diýlip ykrar edildi
23.04.2025 00:06
5.1k+

Madridiň “Realy” Laureus tarapyndan ýylyň topary diýlip ykrar edildi

Madridiň “Real” futbol kluby Laureus World Sports Awards 2025 dabarasynda “Ýylyň topary” diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 21-nji aprelde Ispaniýanyň paýtagtynda geçirildi. Bu kategoriýada baýrak
Lamin Ýamal “Ýylyň öňegidişligi” ugry boýunça Laureus baýragyny aldy
23.04.2025 00:00
4.8k+

Lamin Ýamal “Ýylyň öňegidişligi” ugry boýunça Laureus baýragyny aldy

“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 17 ýaşly wingeri Lamin Ýamal Madridde geçirilen Laureus World Sports Awards 2025 dabarasynda “Ýylyň öňegidişligi” baýragyny aldy. Bu barada baýragyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berýär
Simona Baýlz we Arman Dýuplantis “ýylyň türgeni” baýraklaryna eýe boldy
22.04.2025 15:14
4.3k+

Simona Baýlz we Arman Dýuplantis “ýylyň türgeni” baýraklaryna eýe boldy

21-nji aprelde Madridde geçen 25-nji Laureus World Sports Awards dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy türgenleri yglan edildi. Olar amerikaly gimnastikaçy Simona Baýlz we şwesiýaly ýeňil atletikaçy Arman Dýuplantis boldy
Magnus Karlsen Germaniýada geçen Grenke Freestyle Chess Open ýaryşynda ýeňiji boldy
22.04.2025 15:00
3.7k+

Magnus Karlsen Germaniýada geçen Grenke Freestyle Chess Open ýaryşynda ýeňiji boldy

Küşt boýunça dünýäniň on altynjy çempiony, norwegiýaly Magnus Karlsen Grenke ýyllyk küşt festiwalynyň çäklerinde Germaniýanyň Karlsrue şäherinde geçirilen Grenke Freestyle Chess Open 2025 ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Keniýalylar Boston marafonynda ýeňiji boldy: biri ýaryşyň başynda ýykyldy, beýlekisi rekord goýdy
22.04.2025 14:55
4.3k+

Keniýalylar Boston marafonynda ýeňiji boldy: biri ýaryşyň başynda ýykyldy, beýlekisi rekord goýdy

Bostonda hasap boýunça 129-njy marafon geçirildi. World Maratfon Majors seriýasyna girýän bu marafon dünýäde iň gadymy marafon bolup, ol 1897-nji ýyldan bäri geçirilýär. Zenanlaryň arasynda 31 ýaşly keniýaly Şaron Lokedi ýeňiş gazandy
5 ýylda 4-nji gezek: Sobolenko Ştutgartdaky WTA ýaryşynyň finalynda utuldy
22.04.2025 14:50
5.1k+

5 ýylda 4-nji gezek: Sobolenko Ştutgartdaky WTA ýaryşynyň finalynda utuldy

Belarusly tennisçi Arina Sobolenko Ştutgartda (Germaniýa) toýun kortda geçirilen WTA-500 ýaryşynyň finalynda ýene-de titul gazanyp bilmedi. Bu gezek dünýäniň birinji raketkasy we “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek çempiony aýgytly oýunda latwiýaly tennisçi Ýelena Ostapenkodan utuldy
Amerikaly zenan hokkeýçiler 11-nji gezek dünýä çempionlary boldy
21.04.2025 19:04
2.8k+

Amerikaly zenan hokkeýçiler 11-nji gezek dünýä çempionlary boldy

ABŞ-nyň milli hokkeý ýygyndysy zenanlaryň arasynda hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Kanadanyň toparyny utdy. Şu ýyl ýaryş Çehiýada geçirildi. Çeske-Budeýowisde geçirilen final duşuşygy dartgynly bolup, owertaýmda amerikan toparynyň peýdasyna 4:3 (0:0, 2:2, 1:1, 1:0) hasabynda tamamlandy
Maks Werstappen gazanylan utuk boýunça Formula-1-iň taryhynda ikinji orna çykdy
21.04.2025 13:34
2.4k+

Maks Werstappen gazanylan utuk boýunça Formula-1-iň taryhynda ikinji orna çykdy

“Red Bull” toparynyň niderlandly ýaryşa gatnaşyjysy Maks Werstappen gazanylan utuklaryň sany boýunça “Formula-1-iň” taryhynda ikinji sürüji boldy. Ol “patyşalyk ýaryşlarynyň” dört gezek çempiony Sebastýan Fettelden öňe geçdi
Öz doglan gününe sowgat: Zwerew Mýunhendäki ATP-500 ýaryşynda ýeňiji boldy
21.04.2025 13:32
2.3k+

Öz doglan gününe sowgat: Zwerew Mýunhendäki ATP-500 ýaryşynda ýeňiji boldy

Germaniýaly tennisçi, dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerew Mýunhende toýun kortunda geçirilen ATP-500 ýaryşynyň çempiony boldy. Ol final oýnunda dünýäniň 15-nji raketkasy amerikaly Ben Şeltony 6:2, 6:4 hasabynda utdy
Türkmen kikboksçylary Tailandyň I Dünýä kubogynda 14 medal gazandylar
21.04.2025 12:57
8k+

Türkmen kikboksçylary Tailandyň I Dünýä kubogynda 14 medal gazandylar

Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndysy Bangkokda geçirilen “Tailandyň 1-nji Dünýä kubogy – 2025” (1st Thailand Kickboxing World Cup 2025) ýaryşynda 14 medal gazandy. Bu barada ýurdumyzyň Kikboksing Federasiýasynda habar berdiler
Piastri Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Lekler “Ferrarä” ilkinji baýrakly orny getirdi
21.04.2025 10:11
2.4k+

Piastri Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Lekler “Ferrarä” ilkinji baýrakly orny getirdi

Saud Arabystanynda 2025-nji ýyl möwsüminiň “Formula-1” çempionatynyň bäşinji tapgyry geçirildi. Ýaryşda birinji orny 50 aýlawy 1 sagat 21 minut 6.758 sekuntda geçen “Maklarenden” Oskar Piastri eýeledi. Bu onuň möwsümde üçünji ýeňşidir
Jeýk Pol öňki dünýä çempiony Hulio Sezar Çawes-kiçi bilen söweşer
19.04.2025 22:50
9.3k+

Jeýk Pol öňki dünýä çempiony Hulio Sezar Çawes-kiçi bilen söweşer

28-nji iýunda ABŞ-nyň Anaheým şäherinde meşhur bloger Jeýk Pol bilen öňki dünýä çempiony Hulio Sezar Çawes-kiçiniň arasynda boks söweşi geçiriler. Bu barada DAZN teleýaýlymy habar berdi. 2024-nji ýylyň noýabrynda geçen soňky söweşinde Jeýk Pol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen 58 ýaşly Maýk Taýsondan üstün çykypdy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.