Kasper Ruud “Masters” ýaryşynda ilkinji titulyny gazandy

05.05.2025, 14:572,182

Norwegiýaly tennisçi Kasper Ruud karýerasynda ilkinji gezek “Masters 1000” ýaryşynda ýeňiji boldy. 4-nji maýda Madridde geçirilen ýaryşyň finalynda ol britaniýaly Jek Dreýperi 7:5, 3:6, 6:4 hasabynda utdy.

Oýun 2 sagat 29 minut dowam etdi.
Bu ýeňiş Ruud üçin “Masters 1000” ýaryşynda ilkinji we karýerasynda 13-nji boldy. Ol şeýle derejeli ýaryşda ýeňiji bolan ilkinji norwegiýaly tennisçi boldy.
Finala çykmak üçin Ruud dünýä reýtinginiň ilkinji onlugyndan üç oýunçyny utdy: Teýlor Fris, Daniil Medwedew we Jek Dreýper.
Bu üstünliginiň netijesinde ol ATP reýtinginiň ilkinji onlugyna girip, ondan russiýaly Daniil Medwedewi gysyp çykarar.
Belläp geçsek, 2020-nji ýyldan bäri Ruud toýun kortda ýeňiş sany boýunça öňde barýar – 125 ýeňiş.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.